1959-njy ýylda düýbi tutulan Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy bu ýerde öz nobatyna garaşýan arzalaryň soňky ýyllarda ilkinji gezek azalandygyna şaýat bolýar.
Bu suda adam hukuklarynyň kemsidilmeginiň öňüni almak boýunça ýüz tutup boljak iň güýçli edara hökmünde garalýan Orsýetden hem gowuşýan arzalaryň sanynyň azalandygy aýdylýar.
Fransiýanyň Strasburg şäherinde ýerleşýän bu sudda Orsýetiň raýatlary tarapyndan iberilen arzalaryň sanynyň geçen ýyl 40 müňden 28,600-e düşendigi habar berilýär.
Gözden geçirilen şol arzalaryň uly bir bölegi-de, diňlenişige mynasyp däldigi tassyklanyp, ret edilip, yzyna gaýtarylypdyr.
Moskwa agzalýan suda Orsýetden gowuşýan arzalaryň sanynyň azalmak tendensiýasyny ýurtda sud sistemasynyň gowulaşmagynyň alamaty hökmünde suratlandyrýar.
Orsýetiň sud sistemasy korrumpirlenen we kemçilikden ýüki ýetik adalat sistemasy hökmünde tanalýar. Şol bir wagtyň özünde-de indiden beýläk Ýewropa suduna gelip gowuşýan şikaýatlaryň sany boýunça Orsýetiň öňde bolmajaklygy çaklanylýar.
Adam hukuklaryny goraýan käbir orsýetli aklawçylar bolsa Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudunyň berýän hasabatlarynda nähilidir bir ýalňyşlygyň bardygyny aýdýarlar.
Hakyna tutulan ýuristler
Hukuk goraýjylar arzalaryň sanynyň kemelmeginiň ýene bir sebäbini, Orsýetiň hökümeti tarapyndan hakyna tutulyp, Strasburga iberilen ýuristleriň täsiri bilen baglanyşdyrýarlar.
Olaryň aýtmagyna görä, Orsýetden gelen arzalaryň sud diňlenişigi tapgyryna geçmezden ozal, orsýetli ýuristler, göräýmäge, şol arzalary gözden geçirmäge kömekleşýärler, şeýlelik-de olar bu şikaýatlaryň sud diňlenişigine geçmek mümkinçiligini azaldýarlar.
Bu barada moskwaly hukuk goraýjy aktiwist Lew Ponomarýow şeýle diýýär: "Orsýetli yuristleriň bir toparynyň Strasburgda işläp başlamagy bilen arzalaryň sanynyň pese gaçmagynyň bir wagta gabat gelmegi ýöne ýerden däldir. Olara şikaýatlaryň sanyny kemeltmek üçin anyk bir buýruklaryň berilmedik bolmagy-da mümkin. Ýöne olar Orsýetiň hökümeti tarapyndan ugradyldy we Orsýetiň ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň köpüsi Strasburgda şikaýatlaryň çakdanaşa köpdügini we munuň sebäbini gözden geçirmegiň zerurdygyny aýdypdylar".
Täze düzgünler
Orsýetden gowuşýan arzalaryň sanynyň azalmagynyň esasy sebäpleriniň biri-de geçen ýylyň iýun aýynda agzalýan sud tarapyndan girizilen täze düzgünler bilen baglanyşykly bolup biler.
Aýdylşyna görä, bu täze düzgünler arza tabşyryş prosesiniň talaplaryny güýçlendirmek we sud organynyň işini petikleýän on müňlerçe ýalňyş taýýarlanan arzalary azaltmak üçin girizilipdir.
Muňa garamazdan, suduň 2012-nji ýyl boýunça statistikasy Orsýetde käbir toparlary alada goýýar. Habar serişdeleriniň käbirleri Kremli, ýurtda şikaýatlaryň döremegine sebäp bolýan problemalary çözmegiň deregine, suda berlen arzalaryň öňüne böwet bolmaga synanyşmakda aýyplaýarlar.
Şol bir wagtyň özünde-de Ýewropa Sudy Moskwa tarapyndan ugradylan ýuristleriň toparyny makullady.
Ýewropa Sudunyň resmileri inisiatiwany tankyt edýänleri köşeşdirmäge synanyşyp, aglabasy ýaş ýuristlerden ybarat bolan bu orsýetli toparyň işine ýakyndan gözegçilik edilýändigini aýdýar