Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň çykaran netijesine alada bildirýär


Şenbe güni müňlerçesi adam Moskwada çagalaryň daşary ýurtlular tarapyndan perzentlige alynmagynyň gadagan edilmegine çagyryş edip, demonstrasiýa geçirdi. Moskwa, 2-nji mart, 2013.
Şenbe güni müňlerçesi adam Moskwada çagalaryň daşary ýurtlular tarapyndan perzentlige alynmagynyň gadagan edilmegine çagyryş edip, demonstrasiýa geçirdi. Moskwa, 2-nji mart, 2013.
Orsýet amerikan maşgalasy tarapyndan perzentlige alnan Maks Şattonyň (ozalky ady Maksim Kuzmin) ölüminiň onuň öz-özüne salan ýarasy bilen baglanyşyklydygy barada ABŞ tarapynyň gelen netijesine alada bildirdi.

Şenbe güni Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň ynsan hukuklary, demokratiýa we kanunçylyk boýunça ýörite wekili Konstantin Dolgow Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleriniň bu ugurdaky derňewlerini “kemter” diýip hasaplaýandygyny mälim etdi.

Ol şu ýylyň ýanwarynda ölen üç ýaşly Maks Şattonyň ölümine degişli dokumentleriň Orsýete berilmegini Birleşen Ştatlaryň resmilerinden talap etdi.

Şeýle hem, Konstantin Dolgow “Men orsýetli çaganyň ölümi baradaky maglumaty ABŞ-nyň resmi wekillerinden däl-de, ýene-de mediadan alandygymyzy gynanç bilen belläsim gelýär” diýip nygtady.

ABŞ-nyň Tehas ştatynda amerikan maşgalasynda ölen orsýetli Maks Şatton.
ABŞ-nyň Tehas ştatynda amerikan maşgalasynda ölen orsýetli Maks Şatton.
Şenbe güni Kremle tarapdar aktiwistleriň müňlerçesi Moskwada orsýetli çagalaryň daşary ýurtly raýatlar tarapyndan perzentlige alynmagynyň gadagan edilmegine çagyryş edip, demonstrasiýa geçirdi.

“Orsýetli eneler” atly hereketiň koordinatory Irina Bergset öz toparynyň ABŞ-da ölen Maks Şattonyň dogany Kristoforyň Orsýete gaýtarylyp berilmegini talap edýändigini aýtdy.

Kristofor hem öz dogany Maks Şatto bilen birlikde Tehasdaky şol bir maşgala tarypyndan ogullyga alnypdy.

Kanunçylyk taraplary

Orsýetli ýurist Sergeý Magnitskiniň türmede ölmegi bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlaryň Orsýetiň käbir resmilerine sanksiýa giriziji kanun kabul etmegine jogap edip, geçen ýylyň ahyrynda Orsýet amerikan maşgalalarynyň orsýetli çagalary perzentlige almaklaryny gadagan ediji kanun kabul edipdi.

Orsýetden ogullyga alnan üç ýaşly Maks Şattonyň şu ýylyň ýanwarynda Tehasdaky bir maşgalada ölmegi Orsýetde has-da ýiti reaksiýalary döretdi. Orsýetiň resmileri Maks Şattonyň ölüminde onuň ejeligini günäkärleýärler.

Maks Şattonyň ölümi bilen baglanyşykly hasabatlary öwrenen dört amerikan doktory anna güni bu orsýetli çaganyň ölüminiň bilkastlaýyn bolmandygy barada netije çykardy.

Okrug prokurory Bobbi Bland bu ölen çaganyň jesedinde geçirilen ozalbaşky barlaglarda onuň teninde urgudan alnan birnäçe gögerme yzlaryny anyklandygyny we bu gögermeleriň çaganyň öz seresapsyzlygy sebäpli alnan bolmagynyň mümkindigi barada netije çykarylandygyny aýtdy.

Bobbi Bland Maks Şattonyň gan arteriýasynyň ýyrtylmak problemasyndan ölendigini belledi. Ol bu problemanyň çaganyň garnyna kütek bir urgy salynmagy netijesinde ýüze çykandygynyň anyklanandygyny aýtdy.

Bobbi Blandin aýtmagyna görä, Maks Şatton çakdanaşa kakabaş çaga bolupdyr. Ol çaganyň garnyna alan urgusynyň, adatça, şular ýaly kakabaş çagalaryň ýykylyp-sürüşmekden ýa-da başgalar bilen uruşmakdan alaýjak urgusyna laýyk bolup görünýändigini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG