Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmeniň derdine degişli şygyrlar


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.
Bolma oňa höwürdeş!

Arak bilen tutluşyp,
Ýere ýegsan ýykylan,

Soňra tüssä bogulyp,
Bili iki bükülen,

Pensiýa çykyp-çykman
Otuz iki dökülen,

Algydarlar gelende
Halta girip bukulan,

Il içre gözden düşüp,
“Mahluk” ady dakylan,

Gijelerne azarlap,
Gözüne çiş kakylan,

Kä ýumruk, käte şarpyk,
Gözünde ot ýakylan,

Ýitirip ýakyn-ýady
Tumşugyna kakylan,

Özüni bedew saýyp,
Har guýrugna dakylan,

Soňky sözden kesilip,
Höküme gol çekilen –

Ýaşanok hem ölenok,
Hiç ynanyp bolanok,

Adam bolup doglanna!
Gyzan bazar sowlanda,

Zir-zibile garylyp,
Hanha, ýatyr saralyp.

Bir ýa iki däl, arman,
Geçäýer ýaly görmän.

Bir dilegim, döwürdeş:
Bolma oňa höwürdeş!

***

Galyň meselesi…

Gorkommy, raýkommy, oba sowetmi –
Howsala düşüp ýör näçe ýyl bäri:
Gyz bahasy gymmatlaýa ýyl-ýyldan,
Galyň meselesi – bir çelek däri.

Ol haçan ýarylsa ýarylaýmaly,
Kim durjakmyş gyzyl oduň öňünde!
...Bes edäý, halypa, bizem çaga däl,
“Galyň bize ýatdyr” diýip öwünme.

Bar zada “ýok” diýip, ýoga “bar” diýip,
Onlarça ýyl özümizi aldadyk.
Bir baýdakly haýdap geçse beýleden,
Nirädigni bilmesegem – galmadyk.

Gel, gowusy oglanlary synlaly!
Dogrusy, maňa-ha bir zat aýandyr:
Eger galýan bolsa gyzlaň bahasy,
Ýigitleň bahasy arzanlaýandyr...

***

Şeýleräk nakyl bar gadymdan gelýän:
“Ýere bakanyndan gorkuň ýigidiň”.
Bu gün maňa akyl berjek bolýanlar,
Siz gowulyk bilen ýanymdan gidiň.

Şeýle bir pikire uýupdyrys biz:
Batga batan gowy oýa batandan.
Ýere bakandanam gorkmaly welin,
Has beter gorkmaly göge bakandan.

Dik asmana tutup gedem tumşugy,
Ak maýaň ýoluny görjek bolanok.
“Tahylymda üç diplomym bar!” diýip,
Goý, gygyrsyn – häli saçyn ýolanok.

Döşüne urýanlaň ne galyň ýüzi!
Düýäň dabanymy, garpyz paçagy?
Elmydam palowdan ýagjaryp duran
Dodak galyň. Bureganat saçagy...
XS
SM
MD
LG