Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ketrin Äşton Merkezi Aziýa regionyna saparyny jemledi


Anna güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat bölüminiň başlygy Ketrin Äşton Gazagystanyň paýtagty Astanada prezident N.Nazarbaýew bilen gepleşik geçirdi.

Žurnalistlere beren interwýusynda hanym Äşton bu duşuşykda Ýewropa Bileleşigi bilen Gazagystanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklary, Gazagystanyň Dünýä Söwda Guramasyna agza bolmak meselesi we regional howpsuzlyk ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Mundan öň şu hepdäniň dowamynda Ketrin Äşton Gyrgyzystanda, Özbegistanda we Täjigistanda-da saparda bolup, bu ýurtlaryň hökümet resmileri we ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleri bilen-de duşuşyklar geçirdi.

Onuň Merkezi Aziýa regionyna eden bu uzak saparynyň barşynda Türkmenistana sapar etmezliginiň sebäbi barada anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG