Anna güni Aşgabatda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky medeni günleriniň açylyş dabarasy boldy.
Bu çärä Türkmenistanyň wekilleri bilen birlikde Birleşen Ştatlardan alymlar, aýdymçylar we sazandalar, suratkeşler, zergärler hem-de aşpezlik sungatynyň ussatlary gatnaşdylar.
Türkmenistanda üç gün dowam etjek Amerikan medeni günleriniň dowamynda paýtagt Aşgabatda we käbir beýleki welaýat merkezlerinde amerikaly myhmanlaryň gurnamagynda dürli hili medeni-konsert çäreleri, sergiler we döredijilik duşuşyklary geçiriler.
Amerikan medeni günleriniň jemleýji gününde Birleşen Ştatlardan gelen birnäçe belli aýdym-saz toparlarynyň, şol sanda “Ari Roland”, “Della Meý” we “Klinton Kurtis” ýaly toparlaryň-da konsert programmalary bilen çykyş etjekdikleri habar berilýär.