Eýranyň kanun çykaryjylary uly ýaşly zenanlaryň pasport edinmek we ýurduň daşyna çykmak mümkinçiliklerini ýiti çäklendirip biljek kanunçylygy ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlanýarlar.
290 orunlyk Mejlise iberiljek kanun taslamasynda durmuşa çykmadyk 40 ýaşa çenli zenanlaryň syýahatçylyk dokumentini edinmekleri üçin öz kakalaryna ýa-da erkek hossarlaryna ýüz tutmaklary göz öňünde tutulýar.
Häzirki hereket edýän kanuna görä, 18 ýaşdan kiçi eýranlylaryň ählisi – hem erkekler, hem zenanlar – pasport edinmezden öň atalyk rugsadyny almaly. Durmuşa çykan zenanlar şeýle dokumenti almak üçin öz ýan-ýoldaşlaryndan soramaly.
Bu teklip konserwatiw Mejlisde goldaw tapar diýlip garaşylýar.
Tankytçylaryň garaýşyça, bu kanun taslamasy yslamçy liderleriň ýurtda kök urup başlan hak-hukuk hereketleriniň öňüni almak üçin zenanlara edýän soňky hüjümleridir.
Adam hukuklary boýunça hukukçy, Nobel baýragynyň laureaty Şirin Ebadiniň Azatlyk Radiosynyň Pars gullugyna aýtmagyna görä, Eýranyň Şerigat kanunlaryny durmuşa geçirişi gyzlary we aýallary juda oňaýsyz ýagdaýda goýýar.
“Biziň kanunlarymyza görä, eger-de 9 ýaşly gyzjagaz jenaýat etse, ol edil 40 ýaşly adam ýaly suda çekiler we jezalandyrylar. Emma ýurtdan çykmak islese, ol 40 ýaşaýança öz kakasyndan rugsat almaly. Eger kakasy aradan çykan bolsa, onda ol suddan rugsat almaly” diýip, Ebadi aýdýar.
Eýranyň Graždan kodeksi durmuş gurmak, aýrylyşmak, miras we çaganyň goragy ýaly ugurlara degişli ähli meselelerde kakalara we erkek ýan-ýoldaşlara uly ýeňillik berýär.
Kanun gyzlaryň 13 ýaşda durmuşa çykarylmagyna rugsat berýär. Käbir kanun çykaryjylar bolsa, yslam düzünlerine görä, bu ýaşyň 9-a çenli düşürilip bilinjekdigini öňe sürýärler. Öz ýaşlaryna garamazdan, ähli zenanlar durmuşa çykmak üçin öz erkek hossarlaryndan rugsat almaly.
Zenanlar yslamyň egin-baş we özüňi alyp baryş düzgünlerine hem boýun bolmaly. Bu düzgünler garşy jynsdakylar bilen imi-sala habarlaşmagy gadagan edýär we zenanlardan köpçülikde öz saçlaryny we bedenlerini örtmegi talap edýär.
Şeýle kanunlar köplenç halatda syýasy oppenentlere basyş etmek üçin ulanylýar.
Aktiwizm
Zenanlaryň hukuk aktiwistleri Şerigatyň käbir ýowuz düzgünlerine garşy üstünlik gazanmagy hem başardylar.
Bir kampaniýa jelepçilikde we keýp çekmekde aýyplanyp, daşlanyp öldürilýän zenanlaryň sanynyň azalmagyna sebäp bolandygyny öňe sürýär.
Ebadi tarapyndan goldanylýan “1 million gol” atly başga bir kampaniýa bolsa Eýranyň kanunlarynda zenanlara garşy ýol berilýän kemsitmelere üns çekmegi başardy.
Özüne edilýän sütemleriň artmagy bilen Eýrandan çykandan bäri Londonda işleýän Ebadiniň aýtmagyna görä, hak-hukuk hereketleri Eýranyň dolandyryjy gurluşyny oňaýsyz ýagdaýda goýdy.
“Eýranda feminist hereketleri örän giňedi, örän aktiwleşdi. Zenanlar deňhukuklylyk ugrunda göreşýärler. Deňhukuklylyk demokratiýanyň baş sütünidir. Şol sebäpden, hökümet zenanlar üçin çäklendirmeleri ýola goýmak üçin başga ýollary ulanýar” diýip, Ebadi aýdýar.
Pasportlar we syýahatçylyk boýunça kanun taslamasy Eýranyň uniwersitetlerinde zenanlara niýetlenen kurslaryň onlarçasynyň ýapylmagynyň birnäçe aý yz ýanyna gabat geldi.