Eýranyň nebit ministri Rostam Kasemi Tähranyň Türkmenistandan tebigy gas importyny togtadandygyny mälim etdi. Bu barada Kasemi çarşenbe güni “Mehr” habar agentligine aýtdy.
Eýranyň “Mehr” habar agentliginiň nebit ministri Rostam Kaseminiň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistan bilen Eýran gaz söwdasynyň baha meselesinde ylalaşyga gelmändir we şol sebäpden hem Eýrana akdyrylýan türkmen gazy togtadylypdyr.
Rostam Kasemi baha meselesi boýunça iki tarapyň arasynda gepleşikleriň dowam edýändigini we ylalaşyga gelnen ýagdaýynda gaz importynyň täzeden ýola goýuljakdygyny aýdýar.
“Häzirlikçe Türkmen gazynyň importy bolmazdan hem bizde gaz ýetmezçiligi ýok” diýip, Kasemi nygtaýar.
Eýran Türkmenistandan günde 15-18 million kubometr gaz satyn alýar, ýöne bu sanyň gyş möwsüminde 30 million kubometr möçberine ýetýändigi aýdylýar.
“BP” kompaniýasynyň maglumatyna görä, Eýran geçen ýylda Türkmenistandan 10.2 milliard kubometr gaz satyn alypdyr.
“ISNA” habar agentliginiň geçen ýekşenbe güni beren maglumatyna laýyklykda, Eýran Türkmenistandan gündeki satyn alýan gazynyň möçberini 40 million kubometre ýetirilmegini sorap ýüzlenipdir.
Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň direktory Jawad Owjä salgylanyp, “IRNA” habar agentligi şu ýylyň birinji ýarymynda import edilýän türkmen gazynyň möçberiniň öten ýylkysy bilen deňeşdirilende 52 prosent pese gaçandygyny ýazýar.
Garşylyklaýyn jogap
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan Eýrana gaz akdyrylmagynyň togtadylandygy baradaky maglumaty ret edýär.
Ady agzalmaýan bir türkmen resmisiniň “Roýter” habar agentligine beren maglumatynda türkmen gazynyň Eýrana akdyrylýandygy aýdylýar.
“Tertip boýunça tebigy gazyň akdyrylmagy dowam etdirilýär. Eýran bilen hiç wagt baha meselesi ýüze çykmady” diýip, ady agzalmaýan türkmen resmisine salgylanylýar. Bu resminiň bellemegine görä, Türkmenistanyň Artyk we Eýranyň Lutfabad aralygyndaky gaz geçirijisinde bejeriş işleri bolupdyr, ýöne häzir turbaprowodyň bu böleginden hem gaz akdyrylýar.
Turbaprowodyň agzalýan böleginde näçe wagtlap bejeriş işleriniň geçirilendigi mälim edilmeýär.
Türkmenistandan gas importynyň togtadylmagy uzaga çeken ýagdaýynda munuň Eýranyň öz goňşy ýurtlary bilen gaz söwdasyna täsiriniň ýetjekdigi aýdylýar. Eýran tebigy gazyny Türkiýä, Ermenistana we Azerbaýjana satýar.
Eýran Türkmenistandan alýan gazyny gyş pasly ýyladyş we ýurduň senagat mätäçligi üçin ulanýar.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz söwdasy üçin 2010-njy ýylda goşmaça gaz geçirijisiniň gurulmagy türkmen gazynyň Eýrana eksportynyň giňeldilmegine mümkinçilik döretdi.
Häzirki wagtda Aşgabadyň Tährana ýylda azyndan 20 milliard kubometr gaz akdyrmaga mümkinçiligi bar.