Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Internet barada “gara sanawa” ýol açyldy


Täze kanun häkimiýetlere internet saýtlaryny suduň karary bolmazdan hem ýapmaklyga ýol açýar.
Täze kanun häkimiýetlere internet saýtlaryny suduň karary bolmazdan hem ýapmaklyga ýol açýar.
1-nji noýabrdan başlap Orsýetiň häkimiýetleri çagalar üçin zyýanly maglumat ýa-da material ýaýradýar diýlip hasaplanylýan internet saýtlaryny ýapmaklyga hukuk aldylar.

Penşenbe gününden başlap güýje giren bu dawaly kanun indi häkimiýetlere çaga pornografiýasyny, zulum-sütemi we öz-özüňe kast edişligi wagyz edýär diýlip hasaplanylýan internet saýtlaryny suduň karary bolmazdan hem ýapmaklyga ýol açýar.

Bu täze kanun sudlar tarapyndan ekstremistik diýlip baha berlen internet saýtlaryny-da nyşana alýar.

Söz azatlygy meselesi

Resmi nukdaýnazardan çagalary ýaramaz internet materiallaryndan goramaklygy göz öňünde tutýan bu täze kanun söz azatlygyna garşy hem ulanylyp bilner diýlen gorkulary-da döredýär.

Maglumat alyşmak hukuklary boýunça orsýetli ekspert Ilýa Rassolow bu barada şeýle diýýär: “Bu kanuna käbir zerur ýagdaýlarda söz azatlygyny çäklendirmek üçin ulanylaýjak zat hökmünde-de garamak mümkin”.

Bu täze kanun Orsýetde soňky birnäçe aýyň dowamynda parlament tarapyndan kabul edilen we raýatlaryň erkinligini hem-de azatlygyny çäklendiriji kanunlardan soňkusydyr.

Parlamentiň kabul eden kanunlarynyň hatarynda protestçilere salynýan jerimeleri görnetin artdyrmak, şahsyýete dil ýetirmekligi jenaýat işleriniň hataryna goşmak we daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän garaşsyz guramalary “daşary ýurt agentleri” atly status esasynda registrasiýa etmek ýaly kanunlar-da bar.

“Gara sanawa” ýol açylýar

Söz azatlygyny goraýjy köp aktiwistler Orsýetde internet babatda “gara sanaw” düzgüniniň ulanylmagyna ýol açýan täze kanunyň ýurtda giň gerimde senzuranyň ýola goýulmagyna getirmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Bu kanunyň tankytçylary ýurduň häkimiýetleriniň oppozision saýtlara nähilidir bir gadagan materiallary goýmak arkaly, şu kanunyň esasynda oppozision saýtlary ýapmaklarynyň-da mümkindiginden ätiýaç edýärler.

Bu waka bilen baglanyşykly ýaýradan beýanatynda düýbi Parižde ýerleşýän Serhetsiz Reportýorlar Guramasy Orsýetiň häkimiýetlerini bu kanundaky gapma-garşylyklary çözmänlikde we söz azatlygyna howp abandyryjy zatlary kanundan aýyrmanlykda tankytlapdyr.

Hatda Orsýetiň aragatnaşyk ministri Nikolaý Nikifirow hem bu täze kanunyň “YouTube” internet saýtyna material goýýan orsýetlileriň köpüsiniň öňünde böwet döretmeginiň mümkindigini belläpdir.

Ol ýakynda yslam dinine garşy döredilen we Orsýetde gadagan edilen filmi ýatlamak bilen, Twitterde ýazan hatynda “Bu bir oýun ýaly bolup görünýär. Ýöne şu wideo film sebäpli tutuş Orsýetde ‘YouTube’ saýtynyň petiklenmegi-de mümkin” diýip ýazypdyr.
XS
SM
MD
LG