Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Güýz keýpinde dörän täze goşgular


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly. Stokgolm, 2010.
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly. Stokgolm, 2010.
Söýgi gaýyp gitdi…

Bilmän yşk şeminiň haçan öçjegin,
Biz baha kesipdik dünýe malyna.
Şahadan ýapyşýan soňky ýaprak deý
Söýgi gaýyp gitdi güýz şemalyna.

“Siziň ýiti gyzylyňyz tiz solar”
Diýen “welilere” dodak çöwürdik.
Bir gujakda goşa göwre deregne
Bir-birege ýeňsämizi öwürdik.

Iki tumşuk bir-birinden ýokarda,
Aýry uçdy goşa gumry uzaga.
Al-asmanda ganat ýaýyp ýördüg-ä,
Nädip düşdük ýerde ýatan duzaga?

Güýzde giden ýaprak dolanýar bahar,
Pyçgy gyjyklaýar guran şahany.
Bäşlige ymtylan hetdin tanaman,
Ýüzüne sylarmyş üçlük bahany.

Duelimiz deňlik bilen gutardy,
Ikimizem baky bitmez ýaraly.
Lowlap barýan yşk ataşyn söndürip,
Haýsy gapa melhem istäp baraly?

Keseki dert bilen kimiň ne işi!
Ýazykly baş kän bir sypalýan däldir.
…“Bar, gopar!” diýseler soňky ýapragy,
Keýp edip şahany omurjak kändir.

***

Rubagylar

On yorgan ýylatmaz yalňyz ýatany,
Gutlamazlar karam oýnap utany.
Sen goşa baýdagy depäňde göter –
Ene toprak bilen ata watany.

***

Myhman bar – hepdeläp goş basyp ýatar,
Myhman bar – dyzyny eper-de, öter.
Käsinden garaşan minnetdar sözüň
O dünyä ugraňda, yzyňdan ýeter.

***

Tomus jöwzasynda, aňzak doňunda,
Seň ýoluňa bakyp, aýnaň öňünde,
Oturan bir mähribanyň bolmasa,
Sebäbin gözläber erkek deňinde.

***

Adam garradykça ýatlama artýa,
Olar häli-şindi böwrüňe dürtýä.
Gyşyk basylan ýer zyňylýa çete,
Hakyda bal günleň gülüni çirtýä.

***

Goňşyňy gozgama, göçürmejek bol,
Ojagy dörjeseň, öçürmejek bol.
Çakylyksyz gelen sähne myhmany
Ädikli töruňe geçirmejek bol.
XS
SM
MD
LG