Orsýetiň prezident Wladimir Putine garşy oppozisiýasynyň goldawçylary ozal görülmedik internet ses berişligi arkaly täze ýolbaşçylaryny saýladylar.
Duşenbe güni tamamlanan saýlawlara 80 müňden gowrak saýlawçy gatnaşyp, ses berdi.
Bu saýlaw planlaşdyrylan iki güne derek, şenbe güni bolan elektron hüjüminden soň, üç günläp dowam etdi.
Saýlaw hem internet arkaly, hem saýlaw uçastoklaryna gelip ses bermek arkaly geçirildi.
Oppozisiýa goldawçylary 200 kandidatyň arasyndan Kordinirleýiş geňeşiniň 45 agzasyny saýladylar.
Guramaçylar korrupsiýa garşy blog ýazýan Alekseý Nawalnynyň 43 müň 700-den gowrak ses bilen, iň köp goldaw alandygyny aýtdylar.
Köp goldaw alan oppozisiýa liderleriniň arasynda Dmitriý Bykow we Garri Kasparow hem bar.
Geňeşe saýlananlaryň wezipesi köplenç bölünişikde bolan oppozisiýany birleşdirip, Putine garşy protest hereketini janlandyrmakdan ybarat.