Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Älemiň uzak künjeginden gelen “çapar”


Biziň 13.7 milliard ýyl mundan ozal Uly Partlamada dörän Älemimiz entek 500 million ýaşyna-da doly ýetmänkä peýda bolan bu “MACS1149-JD1” galaktikasy möhüm kosmiki döwre - garaňky asyrlara şaýat bolupdyr.
Biziň 13.7 milliard ýyl mundan ozal Uly Partlamada dörän Älemimiz entek 500 million ýaşyna-da doly ýetmänkä peýda bolan bu “MACS1149-JD1” galaktikasy möhüm kosmiki döwre - garaňky asyrlara şaýat bolupdyr.
Birleşen Ştatlaryň Aeronawtika we kosmiki giňişligi derňemek boýunça milli agentligi NASA 2012-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda astronomlaryň “Spitzer” we “Hubble” teleskoplarynyň kömegi bilen bir täsin galaktikanyň üstüni açandyklaryny habar berdi.

Mundan ozal üsti açylýan galaktikalar az däl, ýöne “MACS1149-JD1” diýlip at berlen bu kiçi, öçügsi ýyldyzlar ulgamy alymlaryň şu çaka çenli gözegçilik edip bilen iň uzakdaky galaktikasy bolmak bilen, onuň kosmiki taryhyň uzak döwrüne düşünmeklige tarap ýol açmagy mümkin diýlip hasaplanylýar.

Biziň 13.7 milliard ýyl mundan ozal Uly Partlamada dörän Älemimiz entek 500 million ýaşyna-da doly ýetmänkä peýda bolan bu “MACS1149-JD1” galaktikasy möhüm kosmiki döwre - garaňky asyrlara şaýat bolupdyr. Garaňky asyrlar diýlip Älemiň garaňky, ýyldyzsyz giňişlikden galaktikalardan doly ýagty kosmosa geçip ugran döwrüne aýdylýar. Bu döwür barada häzir bilinýän zatlar gaty az.

“Bu galaktikanyň biziň şu çaka çenli gözegçilik eden iň uzak obýektimiz bolmak ähtimallygy juda ýokary” diýip, Baltimoryň (Amerikanyň Marilend ştaty) Jon Hopkins uniwersitetiniň fizika we astronomiýa bolüminiň alymy Wei Ženg belleýär. Ol: “Bu galaktika arkaly taparys diýip umyt edýän beýleki galaktikalarymyz bilen baglanyşykly indiki işler bize Älemiň has irki obýektlerini, şeýle hem garaňky asyrlaryň nähili soňlanandygyny öwrenmäge mümkinçilik berer” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Onuň aýratynlygy

“MACS1149-JD1” galaktikasynyň spektroskopdaky gyzyla süýşme ýa-da “z” derejesi 9.6. Diýmek, ondan çykan yşyk NASA-nyň kosmos teleskoplaryna gelip gowuşýança, takmynan, 13.2 milliard ýagtylyk ýyly ýolda bolupdyr. Alymlaryň hasaplamagyna görä, bu galaktika Uly Partlamadan 490 million ýyl soň döräpdir.

Başgaça aýdanyňda, “Spitzer” we “Hubble” tarapyndan tutulan ýyldyz şöhlesi Älem häzirki ýaşynyň 3.6 prosentine deňkä bu gadymy galaktikadan bize tarap ýola düşüpdir. Spektroskopdaky “gyzyla süýşme” diýen düşünje Älemiň gitdigiçe giňelmegi netijesinde bir obýektiň ýagtylygynyň tolkun uzynlygy bilen baglylykda onuň nädereje haýsydyr bir tarapa süýşendigini aňladýar. Gyzyla süýşme astronomiýada kosmiki aralyklary suratlandyrmak üçin ulanylýar.

“Aslynda, bu döwre degişli haýsy-da bolsa bir obýektden bular ýaly alamatlar bize gelip gowşar diýen umyt ýokdy. Sebäbi, ol mahallar galaktikalar bolan hem bolsa, olaryň ýagtylygy Aýda oturdylan bir şemiň şöhlesinden hem gowşak bolup görünerdi. Häzirki wagtda dünýädäki teleskoplaryň hiç biri bular ýaly bir obýektiň üstüni açarlyk ýagdaýda däl” diýip, Germaniýanyň bu açyşa saldamly goşant goşan Heidelberg uniwersitetiniň astronomiýa merkeziniň alymy, ylymlaryň doktory Matthias Bartelmann bu açyşyň nädereje möhümligini düşündirýär.

Bular ýaly aşa uzakda ýerleşýän asman jisimlerini uly, çylşyrymly teleskoplar bilen hem görüp bolanok. Ir wagtda dörän uzak galaktikalary görmek üçin astronomlar köplenç Älemiň öz “grawitasion linzasyndan” peýdalanýarlar.

“Grawitasion linza”

Albert Eýnşteýniň bir asyr mundan ozal aýtmagyna görä, öňdäki obýektleriň dartyş güýji arkadaky obýektleriň şöhlesini çugdumlap, ulaldyp görkezýär. Häzirki tapylan galaktika hem biziň galaktikamyz bilen onuň arasynda ýerleşýän ägirt uly galaktikalar toplumynyň bu galaktikanyň şöhlesini ulaldyp, ony 15 essä golaý ýagtyltmagy netijesinde tapylypdyr.

Galaktikalaryň arasyndaky bu proses “grawitasion linza” diýlip atlandyrylýar. Grawitasion linza materiýanyň bize nätanyş formasy bolan garaňky materiýadan durýar. Onuň bardygy diňe gytaklaýyn, mysal üçin ýagtylyga edýän dartyş täsiri netijesinde duýulýar. Şol sebäpden bu materiýa “garaňky materiýa” diýilýär.

Ýüzlerçe, müňlerçe galaktikanyň bir dar giňişlikde hereket edýän ýeri bolan galaktika toplumynda örän köp garaňky materiýa bolýar. Şular ýaly uly garaňky materiýany özünde jemleýän galaktikalar toplumy Ýerden belli bir uzaklykda ýerleşýän bolsa, ol, özboluşly bir lupa meňzeşlikde, özünden aňyrdaky obýektleri has ulaldyp görkezýär.

Araz Perwiş Germaniýada ýaşaýan žurnalist, syýasy ylymlaryň doktory.

Çeşmeler:

1.http://hubblesite.org/newscenter/archive/releases/2012/31/full/
2.http://www.krone.at/Wissen/Forscher_erspaehen_die_am_weitesten_entfernte_Galaxie- 13.2_Mrd._Jahre_alt-Story-334845
3.http://www.uni-heidelberg.de/presse/news2012/pm20120919_galaxie.html
XS
SM
MD
LG