Iýul aýynda azyk önümleriniň bahalarynyň galmagy bilen etiň bahasy hem ýokarlandy. Şondan bäri bazarlarda etiň bahasyny bir derejede saklamak üçin hökümet tarapyndan edilýän tagallalara garamazdan, etiň bahasy gymmatlaýar.
Häzir bir kilogram sygyr etiniň bahasy 20 manada ýetip barýar. Täze ýyl baýramçylygyna çenli onuň bahasy 20 manatdan geçer diýip çaklaýan et söwdagärleri hem az däl.
Bazarlarda sygyr etiniň bir kilogrammynyň 12 manatdygy barada ýazgylaryň bardygyna garamazdan, söwdagärler onuň bir kilogramyny 17-18 manatdan satýarlar. Süňksüz, ýagny jylka etiň bahasy bolsa 20 manatdan geçdi. Ýogsa, sygyr etininiň kilosyny 12 manatdan satmadyk söwdagärlere dürli administratiw çäreler hem görülýär.
“Hiç kim öz zyýanyna söwda etmeýär. Bize et getirilende eýýäm onuň bir kilogramynyň bahasy 15-16 manat. Onsoň nädip 12 manatdan satjak” diýip, Aşgabadyň bazarlarynyň biriniň et satýan söwdagäri Arslan aýdýar.
Ol sygyr etiniň gymmatlamagy bilen ilatyň köp böleginiň daşary ýurtlardan getirilýän towuk buduny köp satyn alyp başlandygyny gürrüň berýär. “Iýul aýyndan öň şol towuk butlarynyň 1 kilogramynyň bahasy 7 manat 40 teňňedi. Emma iýul aýynyň gymmatlaşygyndan soň 8 manat boldy. Häzirem döwlet dükanlarynda şol bahadan satylýar” diýip, Arslan aýdýar.
Käbir maglumatlara görä, towuk budy hökümet tarapyndan daşary ýurtdan eksport edilýär. Ol esasanam döwlete degişli dükanlarda hem-de söwda nokatlarynda satylýar. Emma, käbir ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, döwlet dükanlarynyň we söwda nokatlarynyň satyjylary köplenç halatda eti terezide çekenlerinde ony kem çekýärler.
Ors bazaryndan towuk buduny satyn alan ildeşimiz, 37 ýaşly Döwlet hem şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. “Men bazaryň barlag terezisinde çekip görenimde 400 gram kem çykdy. Men bazaryň administrasiýasyna ýüz tutup, satyja satyn alan etimiň agramyny dogry çekdirdim” diýip, Döwlet gürrüň berýär.
Häzirki döwürde käbir bazarlardaky söwda nokatlarynda towuk budunyň bir kilogramynyň 8 manatdygy baradaky ýazga garamazdan, ol 9 manatdan satylýar. “Towuk budy satylanda onuň agramynyň kem çykmagy hem-de görkezilen bahadan gymmat satylmagy hem ýakyn wagtda towuk budunyň bahasynyň gymmatlajakdygyny görkezýär” diýip, Arslan aýdýar.
Hökümet tarapyndan etiň bahasy bilen bagly häzirki ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin diňe bir administratiw çäreler görülmän, eýsem Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda daşary ýurtlardan etiň uly partiýasynyň satyn alnyp, ýurda getiriljekdigi baradaky tassyklanmadyk maglumatlar hem peýda boldy. Emma şeýle “et interwensiýasynyň” netijesi ýerli et öndürijilere zeper ýetirer diýen çaklamalar hem az däl.
“Esasanam şäher ýerlerine golaýda mal saklaýanlar üçin mal saklap etini satmak bähbitli bolmaz. Olar daşary ýurtlardan getiriljek arzan ete bäsdeş bolup biljek bahadan satyp bilmezler. Daşary ýurtlardan et eksport etmän, oňa derek malyň iýmini arzanlatsalar, etiň bahasy aşak gaýdardy” diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik ýerli synçy aýtdy.
Häzir döwlete degişli dükanlarda Hindistandan getirilen gäwmiş eti satylýar. Emma ony satyn alýan adamlaryň azdygyny döwlete degişli dükanyň satyjysy aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, bu eti käbir kafelerdir naharhanalar satyn alýarlar we şol etden fitçi, somsa, çişlik we beýleki etli tagamlary bişirip, müşderilerine satýarlar.
Türkmen bazarlaryndaky etiň bahasynyň gymmatlamagy bilen bagly mesele ilatyň ähli gatlaklaryna öz täsirini ýetirýändigine garamazdan, bu ugurda nähili işleriň alnyp barylýandygy barada resmiler tarapyndan hiç hili maglumatlar berilmeýär. Ilat arasynda bu ýagdaý barada diňe barlanmasy kyn bolan gürrüňler we çaklamalar bar. Olaryň bolsa köplenç halatda soň dogry bolup çykýandygyny soňky 2-3 aýda azyk önümleriniň gymmatlamagy görkezdi. Golaýlap gelýän Gurban baýramy bolsa bu gürrüňleri has-da möwjedýär.