Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwiliniň ýeňlişi – mirasynyň ýeňşi


Saakaşwili ýeňilendigini boýun aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:08 0:00

Saakaşwili ýeňilendigini boýun aldy

Duşenbe güni, 1-nji oktýabrda Gürjüstanda parlament saýlawlary geçirilmezden öň, ses berişlikler netijesinde bu ýurduň geljekki syýasy durmuşynda dawalaryň, protestleriň, hatda zorluklaryň ýüze çykmagyna garaşylýardy.

Prezident Mihail Saakaşwiliniň sahna çykyp, özüniň "Birleşen milli hereketiniň" oppozision "Gürji arzuwy" blogundan ýeňilendigini boýun almagy köpler üçin garaşylmadyk waka boldy.

2003-nji ýylyň Bägül rewolýusiýasyndan soň Gürjüstany syýasy ewolýusiýanyň post-Sowet nusgasyna öwüren Saakaşwili ýeňlişi hoşamaýlyk bilen boýun aldy.

"Birleşen milli hereket indi oppozision partiýa bolar. Gürjüstanyň ençeme asyrlyk taryhynyň iň möhüm döwürleriniň biri bolan geçen sekiz ýylyň içinde Bägül rewolýusiýasynyň gazanan üstünlikleri diňe bir Gürjüstanyň taryhy üçin möhüm ähmiýete eýe bolman, eýsem bu üstünlikler Gürjüstany dünýäniň iň möhüm ýurtlarynyň birine öwürdi" diýip, Saakaşwili aýtdy. "Şonuň üçin, gazanylan bu üstünliklere indiki aýlaryň ýa ýyllaryň dowamynda nähili howp abanýan hem bolsa, olary ýok etmek mümkin däldir".

Tussaglaryň zorluga sezewar edilmeginde öz hökümtiniň roly boýunça hapa kampanýa usullary we köpçülikleýin gahar-gazap bilen soňa golaýlan agyr syýasy möwsümiň ahyrynda Saakaşwiliniň eden çykyşy köpleri haýran galdyrdy.

ÝHHG we "Transparency International" ýaly halkara toparlar tarapyndan, umuman, adalatly hasaplanan saýlawlaryň Saakaşwili üçin syýasy häkimiýetini uzaltmaga soňky pursat hasaplanandygy, emma munuň beýle bolmandygy has hem geň galdyrdy.

Ol indiki ýyl prezidentliginiň ikinji möwsümi tamamlanda 45 ýaşynda wezipesinden çekiler. Emma käbir synçylar onuň täzeden güýçlendirilen premýer-ministrlik wezipesine geçmegine garaşýardylar. Bu hereketiň etiki taýdan şübheli, emma syýasy taýdan täsirli bolýandygyny onuň demirgazykdaky garşydaşy, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin görkezipdi.

Gürjüstanyň Konstitusiýasyna soňky girizilen üýtgetmeler prezidentiň ygtyýarlylygynyň ençeme bölegini parlamente we premýere geçirdi.

Saakaşwiliniň tarapdarlary bu hereketi 10 ýyl mundan öň häkimiýet başyna geçen prezident tarapyndan başladylan demokratik reformalaryň binýadynyň berkidilmegi hökmünde ters tarapdan aklamaga synanyşdylar.

Emma synçylar tarapyndan uzak möhletli mirasynyň goramaga ýykgyn edýän prezident hökmünde häsiýetlendirilen Saakaşwiliniň premýerlikden daşda durýandygy hatda ses berişliklerden öň hem görnüp durdy.

Gürjüstany ýakyndan synlaýanlar Saakaşwiliniň prezidentlikden soňky planlaryna şübheli garaýardylar. 2007-nji we 2011-nji ýyllarda hökümete garşy çykýan protestçileriň aç-açan basylyp ýatyrylmagy we ýuwaş-ýuwaşdan awtoritarizmiň kemala gelmegi onuň reformaçy abraýyna zeper ýetiripdi.

Saakaşwiliniň terjimehaly bulaşyk bolup biler diýip, Kawkaz regiony boýunça ekspert Swante Kornel belleýär. Emma ol premýerlige geçmegiň öz abraýyna nähili täsir ýetirjegine Saakaşwiliniň gowy düşünendigini aýdýar. "Onuň iň ýigrenýäni – Putine deňelmek" diýip, Kornel aýdýar.

"Mişa Saakaşwilini halasaňyzam, halamasaňyzam, bu başga mesele. Emma ony syýasatçy, syýasy jandar hökmünde inkär edip bilmersiňiz. Onuň syýasy duýgurlygy örän ýiti. Muny onuň öz prezidentliginiň dowamynda eden hereketlerinden hem görüp bilersiňiz" diýip, Kornel aýdýar. "Mysal üçin, 2007-nji ýylyň noýabr aýyndaky ýykyp-ýumuryjy gozgalaňlardan soň, Saakaşwili ilki başda wezipesinden çekildi, täze saýlawlaryň geçirilmegine çagyrdy, pursat tapdy we täzeden saýlandy. Soňra 2008-nji ýylyň söweşinde abraýy gaçdy. Ol özüni sazlady, özüni ele aldy. Pikir soralyşyklara seretseňiz, onuň söweşden bir ýarym ýyl soňky abraýynyň iň ýokary derejä ýetendigini görersiňiz".

Saakaşwiliniň Gürjüstanyň syýasatyndan iň bolmanda wagtlaýynça çekilmeli bolmagy mümkin. Emma Saakaşwiliniň gujur-gaýratyna ýokary baha berýän synçylar onuň ahyrynda syýasy wezipäni kabul etmeginiň ýa-da Tbilisiniň häkimi ýa Adjara awtonom welaýatynyň gubernatory hökmünde hökümete dolanmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýarlar.
XS
SM
MD
LG