On üç ýaşly Taýler Meder Çikago şäherinde ýaşaýan göreldeli 8-nji klas okuwçysy. Ol ukudan ir turýan, işeňňir we mekdebinde hormatlanýan okuwçy.
Ol üçünji klasdaka mugallymynyň el bilen hat ýazmagy öwreden wagtyny häzir hem tolgunyp ýatlaýar:
"Men el bilen hat ýazmagy halaýardym, sebäbi men çalt ýazmany gowy görýän. Elde ýazmak – çalt ýazmak üçin amatly."
Emma bu meselede bir problema bardy. Elde ýazmagy öwredýän sapaklar bary-ýogy ýarym ýyl dowam edipdir. Şondan soň Taýler elde ýazmagy hiç haçan öwrenmändir. Birnäçe wagtdan soň ol ýene-de basma harplar bilen ýazmagy dowam edipdir. Bu işde onuň uly tejribesi bolmansoň, ol öz golýazmasyna düşünmegiň kyn bolandygyny boýun alýar:
"Men örän tiz ýazýan we şol sebäpden hem ýazan zadym erbet görünýär. Meniň pikirimçe, ýazuw sapaklaryny köpräk okadan bolsalar, has gowy bolardy."
Ozal harplary gaýta-gaýta ýazdyrardylar
Onuň ejesi Meredis özüniň birnäçe ýyl dowam eden ýazuw sapaklaryny begençli ýatlaýar. Şol sapaklarda okuwçylar käbir harplary ýönekeý sözlere we sözlemlere baglamankalar, gaýta-gaýta ýazardylar.
Netijede onuň el ýazuwy, oglunyňky bilen deňeşdirilende, owadan we düşnükli. Meredis bu ýagdaýa öýünde ogluna eli bilen ýazan hatyny galdyranda göz ýetirendigini aýdýar:
"Meniň hatda näme ýazandygym ýadymda däl. 'Günüň gowy geçsin, öýe geleniňde maňa jaň et' diýen bolmagym mümkin, şoňa meňzeş zatlar. Şol gün biraz wagtdan soň oglum maňa jaň edip: “Eje, maňa bir hat goýup gidipsiň, näme diýip ýazanyňa düşünmän jaň edýän' diýdi. Käbir sözlerine düşündim, ýöne näme diýjek bolýanyňa düşünmedim' diýdi. Men haty elim bilen ýazamsoň, üns bermändirin we ol şol hatyň hatda bir bölegini hem okap bilmändir. Bu meni biraz gynandyrdy."
Tehnologiýanyň ösüp, barha köp çaganyň galam bilen kagyzyň deregine kompýuter klawiaturasynda ýazmaga öwrenişmegi bilen nesilleriň arasyndaky bu problema has hem ýitileşýär. ABŞ-da el ýazuwy birmahallar mekdep programmasynyň möhüm bölegidi, okuwçylar elde ýazmak usulyna ökdelemek üçin birnäçe ýylyň dowamynda latyn harplaryny birikdirip ýazmagy öwrenýärdiler.
Arassa ýazuwa derek kompýuter gelýär
Häzirki wagtda ABŞ-nyň mekdepleriniň 80 prosentinde ýazuw sapaklary ýatyrylyp, onuň deregine çagalaryň kompýuterde ýazmak ukyplaryny we tehnologiýa bilen bagly beýleki ukyplaryny artdyrmaga üns berilýär.
Bu ösüş elde ýazmagyň tarapdarlarynyň gaharyny getirdi. Käbir günbatarly synçylar golýazmanyň we orfografiýanyň beýleki görnüşleriniň, ýaş nesil üçin orta asyrlaryň golýazmalary ýaly düşnüksiz boljakdygyny aýdyp, aladalanýarlar.
Stiw Graham, Arizona ştatynyň döwlet uniwesitetiniň professory, öz golýazmasynyň erbetdigini boýun alyp, ýitip barýan ýazuw sapaklaryny küýsemeýändigini aýdýar.
Golýazmanyň tarapdarlarynyň aglabasy geljekki nesliň öz goluny goýup bilmejek, taryhy dokumentleri ýa-da mamasyndan gelen haty okap bilmejek derejede boljakdygyny aýdýarlar.
Emma Graham olara çişirilen deliller diýip baha berýär:
"Adamlaryň getirýän mysallarynyň biri çagalar konstitusiýany okap bilmezler diýen gürrüň. Bu delile garşy Amerikanyň konstitutsiýasyny sen näçe wagtda bir gezek okaýaň diýen soragy berip bolar. Ondan başga-da, konstitutsiýa çap edilen görnüşde hem bolup biler. Tekstiň adaty basma harplarda ýazylmagy bilen ondaky sözler we onuň mazmuny üýtgemeýär. Beýleki tarapdan, men golýazma ýitip gider öýdemok, sebäbi ol häzirlikçe iň arzan gural" diýip, Graham aýdýar.