Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gidroenergetika täzeden gün tertibinde


Hytaýyň Hubeý welaýatyndaky ägirt bent. 2012 ý.
Hytaýyň Hubeý welaýatyndaky ägirt bent. 2012 ý.
Garaşsyz Hindistan döwletiniň esaslandyryjylarynyň biri Jawaharlal Neruwyň ägirt uly ýurduň suw we elektrik hajatlaryny üpjün etmek üçin tapan çözgüdi ajaýypdyr. Ol bentleri "Hindistanyň täze ybadathanalary" diýip atlandyrypdy.

Uruşdan soňky döwürlerde Aziýada we Afrikada garaşsyzlygyna täze gowşan ýurtlar, sowet nusgasyndan peýdalanyp, öz ykdysadyýetine badalga bermek maksady bilen energiýa zerurlygyny ägit uly inženerlik proýektleri arkaly üpjün etmäge girişdiler.

Ýagdaýlar üýtgedi

Emma onlarça ýyl soňra ýagdaý üýtgäp, bentlerde ýygnanan suwlaryň daş-töwerege, ýagny tebigata ýaramaz täsirini ýetirýändigi hem-de halkara ylalaşmazlyklara sebäp bolýandygy ýüze çykyp ugrady. Şol bir wagtyň özünde-de şeýle bentler arkaly öndürilen elektrik togunyň tutuş ýurduň hajatlary göz öňüne alnanda gaty ujypsyzdygy ýüze çykdy.

Ýöne häzirki döwürde elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň artmagynyň we dünýäniň birnäçe ýerinde ýadro energiýasyny köpçüligiň ret etmeginiň sebäpleri hökmünde, ekspertler gidroenergetika bolan pozitiw garaýşyň täzeden möwjäp ugrandygyny aýdýarlar.

Bentlere köp ekerançylyk hasylyny almagyň guraly hökmünde garalmagynyň we suwaryş desgalaryna bolan talabyň artmagy, şu ýyl Stokgolmyň Halkara Suw Instituty tarapyndan geçirilýän "Dünýä suw hepdesi" çäresinde ara alyp geňeşiljek esasy tema bolar.

Şol programmanyň dolandyryjysy we gidropolitika ugrunda Stokgolmyň Halkara Suw Institutynyň öňdebaryjy ekspertleriniň biri Ana Kaskao gidroenergetika bolan gyzyklanmanyň täzeden döremegine nämäniň sebäp bolandygyny şeýle düşündirdi: "Belli bir özgeriş pursaty bolanda, hemme zat üýtgeýär. Öň bentlere, aýratyn-da olaryň ters netije berip biläýjeklerine garşy çykmak moda bolupdy”.

Kaskao sözüni dowam edip: “Biz 10 ýyl soň ýene-de bentler hakyndaky gepleşiklere dolandyk. Ýöne biz ähli görnüşli bentleriň gurulmagyny goldaýarysmy ýa-da mynasyp hyzmatdaşlaryň, ýagny hukuk goraýjy, daşky gurşawy goraýjy aktiwistleriň gatnaşmagyndaky käbir bentleri goldaýandygymyz barada gürrüň edýärismi? Eger bu işler mynasyp hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda amala aşyrylsa, peýdaly bolup biler" diýdi.

Kaskao ägirt gidroelektrik potensialynyň geçen ýyl Ýaponiýada bolan "Fukuşimo" heläkçiliginden soň ýadro energiýasyndan howatyrlanmanyň artmagy netijesinde dünýäniň arassa energiýa görnüşlerine tarap ugrugandygyny aýtdy.

Ol Afrikada ýerleşýän ýurtlaryň ykdysady taýdan güýçlenip barýandygy sebäpli, elektrik energiýasyna we suwa bolan talaby ödemek üçin gidroelektrik stansiýalaryny ösdürmäge bolan tagallalara ünsi çekip, şeýle diýdi: "Bentleriň hemmesi erbet ýagdaýda däl. Şol sebäpden hem bu baradaky garaýyşlar üýtgeýär. Olar, “Hawa, o diýen köp bent gurulmadyk derýalarda käbir şeýle proýektleri gurmaga zerurlyk bolup biler” diýip, aýdýarlar. Meslem, Nil derýasynyň basseýnini nazara alsaň, ol ýerde birnäçe bentleriň gurluşygy planlaşdyrylýar".

"Düşünşmezlikler"

Ýöne suw resurslaryny paýlaşmak barada gürrüň edilende, bentler köplenç iki ýurduň arasynda düşünişmezliklere sebäp bolýar. Meselem, Eýranyň Hilmend derýasynyň basseýninde köp sanly bentleri gurmagy netijesinde onuň resurslaryny çakdanaşa peýdalanmakda Eýran bilen Owganystanyň arasynda birnäçe gezek düşünişmezlikler ýüze çykdy. Owganystanyň hem derýanyň ýokary akymynda - Kajakide öz bentleri bar.

Merkezi Aziýada bolsa uly bent gurmak üçin we energiýa eksport edýän ýurt bolmak arzuwyna ýetmek üçin Täjigistanyň öz öňünde goýan planlary Özbegistan bilen aralarynda dowam edýän dawalaryň esasy çeşmesi bolup durýar.

Suw serişdeleriniň kenarynda ýerleşýän ýurtlar tarapyndan barha azalyp barýan suw resurslarynyň paýlaşylmagy Birleşen Milletler Guramasynyň hemaýat etmeginde öňümizdäki ýylda gurnaljak "Suw hyzmatdaşlygynyň halkara ýylynda" üns beriljek esasy meseleleriň biri bolar.

Stokgolmdaky agzalýan institutyň eksperti Jägerskog, şeýle ylalaşmazlyklaryň çözgütleri üçin bir forum hökmünde 2013-nji ýylda geçiriljrk çäräniň taýýarlyklaryna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işjeň gatnaşýandyklaryny belledi: "Käbir Merkezi Aziýa ýurtlary hakykatdan hem 2013-nji ýylda geçiriljek "Suw hyzmatdaşlygynyň halkara ýylyna" garaşýarlar. Bu geljek ýyldaky çäräniň esasy bölegidir. Esasy öňe saýlanýan ýurt hem Täjigistandyr".

Şeýle hem Jägerskog Stokgolmdaky çekişmelerde klimatyň üýtgemegi, global hyzmatdaşlygyň nusgasyna esaslanýan suw dolandyrylyşy bilen baglanyşykly syýasy derjede ýurtlaryň arasynda bilelikde işleşmek üçin has gowy esas döredýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG