Müsürden gowuşan maglumatlarda ýurduň ýaraglanan güýçleriniň Sinaýda atly “terrorçyny” tussag edenlikleri aýdylýar.
Döwlete degişli “MENA” habar gullugynyň maglumatyna görä, “terrorçy” diýlip atlandyrylanlar demirgazyk Sinaýda geçirilen barlagyň netijesinde tussag edilipdir.
Häzir musulman jeňçileri tarapyndan amala aşyrylýan hüjümleriň öňüni almak üçin Sinaý ýarym adasynda Müsüriň hökümet goşunlary toplanýar.
Şol bir wagtda-da Sinaýdaky beduinleriň liderleri penşenbe güni giçlik Müsüriň içeri işler ministri bilen geçirilen duşuşykda jeňçilere garşy göreşde kömek etmegi wada berdiler.
Beduinleriň lideri Müsür bilen Ysraýylyň serhedindäki barlag nokadyna hüjüm eden jeňçileriň jesediniň özlerine görkezilmegini talap edensoň, bu baradaky ylalaşyga gelindi.
Maglumatlara görä, geçen gije GAZA zolagy bilen Ysraýylyň serhet ýakasynda ýerleşýän obalarda ornaşan yslam jeňçileriniň golaýyna ýaraglanan esgerleri daşaýan harby ýuk maşynlary El Ariş şäheriniň üsti bilen geçipdir.
Penşenbe güni irden harby dikuçarlarynyň howa arkaly hem esgerleriniň ýerüsti hüjümi netijesinde 20 jeňçiniň öldürilendigi barada ýurduň döwlet telewideniýesinde habar berlensoň, goşunlar Sinaýada toplanyp başlandy.
Müsüriň täze yslamçy prezidenti Muhammad Morsi geçen ýekşenbe güni Sinaýdaky barlag nokadynda öldürilen 16 esgeriň aryny almagy söz beripdi.