ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Adam gaçakçylygy 2012” atly hasabatynda Türkmenistana adam gaçakçylygy bilen bagly ýagdaý we hökümetiň problema garşy göreşi nukdaýnazaryndan baha berlip, ýurduň adam gaçakçylygy üçin çeşme bolup durýanlygy, emma bu ýurtda erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň zor bilen işledilmeginiň we jyns taýdan mejbury ulanylmagynyň derejesiniň beýleki ýurtlara garanda onçakly ýokary däldigi aýdylýar.
2000-nji ýyldan bäri ýylda çap edilýän bu hasabatda 186 döwlet adam söwdasy bilen bagly ýagdaýyna görä, üç topara bölünýär, dünýä derejesinde iň erbet ýagdaýly ýurduň Eýrandygy aýdylýar. Döwlet departamentiniň hasabatynda Türkmenistana hem Eýran bilen bir toparda baha berilýär.
Hasabatda bellenişine görä, türkmenistanly aýallar we erkekler gulçulyga köplenç gazanjyň gözleginde ýurduň daşyna çykansoň düşýärler. Käbir aýal-gyzlar jyns taýdan gazanç etmäge mejbur edilýär. Adam gaçakçylarynyň pidalary bolan türkmenistanlylaryň iň köp duş gelýän ýurdy Türkiýedir, onuň yzyndan Orsýet barýar diýip, hasabatda bellenýär.
Gulçulygyň pidasy bolýan türkmenistanlylar Britaniýada, Gazagystanda we Kiprde hem duş gelýär. Halkara guramalary adam gaçakçylygynyň pidasy bolan we Türkmenistana dolanyp barýan adamlaryň sanynyň her aýda 10 we 25 aralygyndadygyny habar berýärler diýip, Döwlet departamentiniň adam gaçakçylygy boýunça ýyllyk hasabatynda bellenýär.
Problemanyň möçberi
Türkmenistanyň içindäki adam gaçakçylygy hem problema bolup galýar. Adamlar gurluşykda we senagatda mejbury işledilýär. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň içinde adam gaçakçylygynyň pidalarynyň arasynda Özbegistanyň, Ukrainanyň we Azerbaýjanyň raýatlarynyň bolanlygy anyklandy diýip, hasabatda aýdylar.
ABŞ dünýä ýurtlarynda adam gaçakçylygynyň agyr problema bolup galýanlygyna ünsi çekýär. Döwlet sekretary Hillary Klinton adam gaçakçylygynyň 27 million pidasyny azat etmek üçin we geljekde başga hiç kimiň pida bolmazlygyny kepillendirmek üçin ýol gözlemegiň zerurdygyny belledi.
Klintonyň sözlerine görä, geçen ýylda adam gaçakçylygyna garşy göreşde käbir öňegidişlikler hem bolupdyr. Ol, hususan-da, dünýäniň 29 ýurdunyň kanunlary kabul etmek, derňewleri geçirmek, günäkärleri jezalandyrmak we problemany çözmek uçin takyk ädimleri işläp düzmek arkaly öz görkezijilerini ozalky ýyllardan gowulandyranlygyny aýtdy.
Görlen çäreler
Emma Türkmenistana gezek gelende Döwlet departamentiniň täze hasabatynda adam gaçakçylygyny ýok etmek üçin türkmen hökümetiniň minimal çäreleri-de doly berjaý etmän gelýänligi aýdylýar.
Hasabatda Türkmenistanyň ýurtda adam gaçakçylygynyň bardygyny resmi derejede boýun almak, adam gaçakçylarynyň jezalandyrylmagyny milli kanunlarda kepillendirmek we adam gaçakçylygynyň pidalaryna başpena bermek boýunça jemgyýetçilik guramasyny resmi hasaba almak ýaly käbir ädimleriň ädilenligi aýdylýar.
Türkmenistanda adam gaçakçylygynyň ähli görnüşleri gadagan edilýär. 2010-njy ýylyň maý aýynda kabul edilen Jenaýat Kodeksiniň 129-njy maddasynda jenaýatkärlere jerime ýa 4-den 25 ýyla çenli türme tussaglygy göz öňünde tutulýar diýip, Döwlet departamentiniň hasabatynda, hususan-da Mary we Lebap welaýatlarynda adam gaçakçylygy sebäpli birnäçe adamyň suda çekilenligi aýdylýar.
Emma hasabatda bellenişine görä, Türkmenistanyň adam gaçakçylygyna garşy göreşýänligini görkezýän käbir adimlere garamazdan, türkmen hökümeti adam gaçakçylygynyň pidalaryna ýardam bermek ugrunda ýeterlik çäre görmändir.
Pidalara ýardam
Şeýle çäreleriň 2007-nji ýylda kabul edilen “Adam gaçakçylygyna garşy göreş boýunça” kanunda göz oňünde tutulýanlygyna garamazdan, hökümet pidalara ýardam bermek ýa-da şeýle ýardamy berýän halkara guramalaryny we hökümete degişli bolmadyk guramalary goldamady. Tersine, adam gaçakçylygynyň pidalary hökümet tarapyndan jezalandyryldy diýip, hasabatda aýdylýar.
Hususan-da, şeýle adamlara Türkmenistana dolanyp baran halatlarynda ýurduň Migrasiýa gullugy tarapyndan jerime salnanlygy, käbirlerine bolsa 5 ýyllap ýurdy terk etmäge gadagançylygyň girizilenligi, şeýle-de adam gaçakçylygynyň pidalarynyň özleriniň jezalandyrylmagyndan gorkup, hökümetden ýardam soramaýanlygy hem ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Adam gaçakçylygy boýunça hasabatynda bellenýär.
Rekomendasiýalar
Hasabatda Türkmenistana birnäçe rekomendasiýa derejesindäki teklipler berilýär. Türkmen hökümetine, hususan-da, adam gaçakçylygyna garşy göreş boýunça milli kanunyň berjaý edilişini gowulandyrmak, adam gaçakçylygynyň öňüni almak üçin Jenaýat Kodeksiniň 129-njy maddasynyň ulanylmagyny dowam etdirmek, jenaýatçylygyň öňüni almak meselesinde döwlet edaralarynyň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, adam gaçakçylygynyň pidalaryny anyklamak, olara ýardam bermek, şeýle ýardamy amala aşyrýan guramalary maliýeleşdirmek, şeýle-de döwletiň raýat jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak teklip edilýär.