Şu geçen hepde Strasburg şäherinde ýerleşýän ynsan hukuklary boýunça Ýewropa sudy Orsýet babatynda käbir çäklendirmeleri öz içine alýan täze düzgünleri girizdi.
Bu täze düzgünler Ýewropa suduna berilýän arzalar baradaky talaplary güýçlendirmek çäreleri bilen baglanyşykly.
Bu kabul edilen täze düzgünleriň teksti metbugatda indi çap edilmeli. Ol düzgünler, hususan-da, bu suda ýüz tutýanlaryň sany boýunça iň öňde durýan Orsýet ýaly ýurtlardan gelýän arzalaryň sanyny kemeltmekligi göz öňünde tutýar.
Emma, beýleki tarapdan, Ýewropa sudy bilen iş salyşýan orsýetli ýuristler we käbir beýleki bilermenler bu täze düzgünler sebäpli alada galmak üçin esasyň ýokdugyny aýdýarlar.
Soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri üstünde işlenilen bu täze düzgünler Ýewropa suduna gelýän arzalaryň talap edilýän standartlara laýyk gelmegini hem-de olaryň Ynsan hukuklary baradaky Ýewropa Konwensiýasynyň bozulmagyny açyk görkezýän arzalar bolmagyny gazanmaklygy maksat edinýär.
Suduň kynçylyklary
Häzirki wagta çenli Ýewropa sudy özüne gelýän arzalaryň takmynan 90 prosent töwereginiň talap edilýän standartlara laýyk gelmeýändigi üçin, olara garaman gelýär.
Strasburg sudunda köp adamlaryň hukuklaryny gorap gelýän adwokat Anna Stawitskaýa bu ýagdaýy şeýle düşündirdi: “Ýewropa sudy Ýewropa Konwensiýasynyň bozulmalary bilen baglanyşykly işlere garaýan sud. Şoňa görä-de, bu suda ýüz tutýan adam şu Konwensiýanyň bozulandygyny görkezmeli we suduň edýän talaplaryna eýermeli”.
Ynsan hukuklary boýunça Ýewropa sudy 1959-njy ýylda esaslandyrylypdy. Ol Ýewropa Geňeşiniň düzümine girýän ýurtlaryň çäklerindäki raýatlaryň we döwletleriň hukuk bozulmalar bilen baglanyşykly şikaýatlaryna garamak maksady bilen döredilipdi.
Soňky ýigrimi ýyla golaý wagtyň dowamynda Ýewropa Geňeşine Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň we ozalky Sowet Soýuzyna giren respublikalaryň gelip goşulmaklary netijesinde Ýewropa suduna gelýän arzalaryň sany-da görnetin artdy.
Orsýet iň öňde
Häzirki wagt Ýewropa suduna gelýän arzalaryň 60 prosentden gowragy diňe bäş ýurda, ýagny Orsýete, Türkiýä, Italiýa, Rumyniýa we Ukraina degişli. Suduň resmileri edil häzirki wagt jemi 150 müň töweregi arzanyň bardygyny aýdýarlar.
Orsýet 1996-njy ýylda Ýewropa Geňeşine agza boldy we iki ýyldan soň ynsan hukuklary baradaky Ýewropa Konwensiýasyna gol goýdy. Ýewropa suduna berilýän arzalaryň sany boýunça Orsýet häzirki wagt iň öňde durýar. Ýewropa sudunyň garamagyndäki arzalaryň 40 müňüsi diňe Orsýete degişli arzalar.
Demirgazyk Kawkaz regionyndan ýüzlerçe maşgalalar ýerli ýa-da federal häkimiýetleriň günäsi bilen öz hossarlarynyň ýitirim edilmekleri ýa-da gynalandyklary üçin, Ýewropa sudunyň karary bilen Orsýetiň hökümetinden millionlarça dollar kompensasiýa aldylar.
Ýewropa sudy 2002-nji ýylda Moskwadaky Dubrowka teatrynda 130 adamyň ölümine getiren zamun alnyşyk bilen bagly wakalarda hökümetiň goýberen säwlikleri üçinem ejir çekenleriň maşgalalaryna 1.7 million dollar kompensasiýa tölenmegi barada karar çykarypdy.
Bu suduň karary bilen tussaglykdaky tanymal biznesmen Mihail Hodorkowskiniň hukuklarynyň bozulandygy üçinem kompensasiýa tölenmeli edildi.