Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiada we Remezan: musulman sportsmenler näme etmeli?


Naharlanmak ýa naharlanmazlyk? Bu sowal 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek Olimpiada oýunlaryna gatnaşjak 3 müňe golaý musulman sportsmeni alada goýýar.
Naharlanmak ýa naharlanmazlyk? Bu sowal 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek Olimpiada oýunlaryna gatnaşjak 3 müňe golaý musulman sportsmeni alada goýýar.

2012-nji ýylyň Tomusky Olimpiada oýunlary şu ýyl Remezan aýyna gabat geldi. Musulman sportsmenler nädip oraza tutarlar?

Naharlanmak ýa naharlanmazlyk? Bu sowal 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek Olimpiada oýunlaryna gatnaşjak 3 müňe golaý musulman sportsmeni alada goýýar.

27-nji iýuldan 12-nji awgusta çenli jemi 17 gün dowam etdiriljek bu oýunlar şu ýyl mukaddes Remezan aýyna gabat gelýär. Bu döwürde musulmanlar gün ýaşýança suw içmekden we nahardan saklanmaly.

Emma musulman kadalarynda ýoldaky musulmanlara eglişik edilýär. Käbir musulman alymlar Olimpiada ýaryşlaryna gatnaşmak üçin Londona barjak sportsmenleriň Gurhanda göz öňünde tutulýan eglişiklerden öz bähbitleri üçin peýdalanmalydygyny aýdýarlar.

Yza tesdirmek

Olimpiada oýunlarynda ýeňiş gazanmagy arzuw edýän owgan taekwondoçysy, 27 ýaşly Nesar Ahman Bahawi agyz beklemek meselesiniň özi üçin uly problemadygyny aýdýar.

Bahawi 2008-nji ýylyň Olimpiada oýunlarynda öz agramyna degişli toparda 7-nji orny eýeledi. Ol 2007-nji ýylda Taekwondo boýunça dünýä çempionatynda we 2010-njy ýylda Aziýa oýunlarynda kümüş medallara eýe bolupdy.

Bahawi agyz beklemegini yza tesdirip, orazany soňra tutmakçydygyny aýdýar. Ol her bir sportsmeniň Olimpiada oýunlarynda medal almagy arzuw edýänligini, şonuň üçin agyz beklemekden saklanmaly boljagyny belleýär. Onuň sözlerine görä, günde türgenleşik geçirýän sportsmenleriň suwsuz we iýmitsiz oňmagy mümkin däl.

Saud Arabystany we Eýran ýaly konserwatiw yslam ýurtlarynyň Olimpiada komitetleriniň öz sportsmenleriniň oraza tutmagyny talap etmekleri ähtimal. Olaryň agyz beklemegiň yza tesdirilmegine hem garşy çykyş etmekleri mümkin.

Gurhanda näme diýilýär?

Emma musulman sportsmenleriniň köpüsi orazany birneme gijeňräk tutmaga taýýardyklaryny aýdýarlar.

Yslam alymy Siddikula Fedaýy Gurhanda syýahat edýän musulmanlaryň oraza tutmakdan saklanmaklaryna ýol berilýändigini belleýär. Ol öz sözlerini Gurhanyň al-Bakarah süresinden bölekler bilen delillendirýär.

Şeýle-de Fedaýy Gurhanyň syýahatda bolmadyk musulmanlara-da agyz beklemekden saklanmaga rugsat berýänligini hem aýdýar. Bu, hususan-da, adamyň saglygy bilen bagly sebäplere degişli.

24 ýaşly Mo Sbihi Beýik Britaniýanyň Olimpiada oýunlaryna gatnaşjak ilkinji musulman kürekçisi bolar diýlip garaşylýar. Ol orazany noýabr aýynda tutjakdygyny aýdýar.

Sbihi Olimpiada oýunlarynyň öz komandasy üçin “seýrek bir mümkinçilikdigini ” aýdýar we özüniň oraza tutmagynyň howply bir ýagdaý döredip biljegini belleýär.

Gaza şäherinden 20 ýaşly ylgawçy Bahaa al-Farra türgenleşik we ýaryş döwründe agyz beklemezlik üçin yslam ruhanysyndan rugsat aldy. Ol hem orazany gijeňräk tutmakçy.

Sportsmenlere täsiri

Medisina wekilleri oraza tutmaklygyň güýji we çydamlylygy talap edýän sport ýaryşlaryna gatnaşýanlaryň saglygy üçin zyýanlydygyny aýdýarlar.

Britaniýanyň Sport medisinasy boýunça žurnalyna görä, 2007-nji ýylda iki sany alžirli futbol komandasynda geçirilen barlaglar Remezan aýynyň dowamynda sportsmenleriň çaltlygynyň we çydamlylygynyň çürt-kesik pese gaçýanlygyny görkezipdir.

Halkara Olimpiada komitetiniň işçi toparynyň ýolbaşçysy Ronald Maugan Londondaky oýunlaryň geçiriljek wagty barada on ýyl mundan ozal yglan edilende “hiç bir ýurduň şikaýat etmänligini” aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Londonda musulman sportsmenler üçin ýörite şertler we olaryň oraza tutmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Hususan-da, sportsmenleriň daňdan naharlanmagy we agşamky agzaçarlary üçin ýörite taýýarlyklar görüldi.
XS
SM
MD
LG