Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň parlamenti jerimeler baradaky kanuny tassyklady


Çarşenbe güni Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasy, ýagny Federasiýa Geňeşi demonstrasiýalardaky kanun bozmalar üçin salynýan jerimeleri artdyrmak barada aşaky palatanyň sişenbe güni kabul eden kanunyny tassyklady.

Sişenbe güni bu kanunyň taslamasy boýunça parlamentiň aşaky palatasynda geçirilen maslahat örän çekeleşikli geçdi we ol ýary gijä çenli dowam etdi.

Orsýetiň Dumasyndaky oppozision fraksiýalar bu kanuny goldamadylar. Ýöne Dumada agdyklyk edýän dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň deputatlarynyň ony köpçülikleýin goldamaklary netijesinde, kanunyň taslamasy tassyklanyldy. Indi oňa prezident W.Putin gol çekmeli.

Orsýetiň häzirki bar bolan kanunynda rugsat berilmedik demonstrasiýalara gatnaşandygy üçin adama 100 rubl bilen 300 rublyň aralygynda jerime salynýar. Emma täze kanunda şeýle düzgün bozma üçin 10 müň rubldan başlap 900 müň rubla çenli jerime göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG