Şenbe güni Serbiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 6-njy maýda geçirilen saýlawlarda sesleriň galplaşdyrylandygy barada ýurduň oppozision partiýasynyň eden şikaýatlaryna garamak üçin, ýörite maslahata ýygnandy.
Serbiýanyň oppozision milletçi Progressiw partiýasy 6-njy maýda prezidentlige, parlamente we ýerli geňeşlere geçirilen saýlawlarda 500 müň töweregi saýlaw býulletininiň galplaşdyrylandygyny öňe sürýär.
Bu partiýa saýlawlarda parlamentden iň köp orun alan partiýa boldy. Emma onuň parlamentde dolandyryjy koalisiýa döretmek synanyşyklary başa barmady.
Bu oppozision partiýanyň lideri Tomislaw Nikoliç 20-nji maýda geçiriljek ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynda Serbiýanyň häzirki prezidenti Boris Tadiç bilen prezidentlik kürsüsi ugrunda bäsleşer.