Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çörekçi ene işinden razy, ýöne...


Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň Jeýhun obasynyň ýaşaýjysy Güljemal daýza günüň yssysynda tamdyrynyň daşynda eli repideli bir aňry, bir bäri aýlanýar.

Bir tarapdan çörek ýapýar, beýleki tarapdan, gelen-giden bilen salamlaşýar. Gelýän-gidýänleriň aglabasy bolsa Güljemal daýzanyň müşderileri, ol eýýäm bäş ýyldan bäri öýünde çörek bişirip satýar. Onuň söwda nokady öýüniň bosagasyndaky tamdyry, müşderileri bolsa uzakdan-ýakyndan gelýän goňşulary ýa ýoldan geçip barýan ýolagçylar.

“Öňler men diňe maşgalamyň iýjek çöregini ýapýardym. Indi bolsa gününe 100 çörekden gowrak ýapýan günlerimem bar. Hudaýa şukur, müşderilerim işimden razy” diýip, Güljemal daýza aýdýar.

Güljemal daýza, mundan bäş ýyl ozal adamsy aradan çykansoň, üç çagaly maşgalasyny eklemek üçin başga çykalga tapman, çörek bişirip satmaga başlapdyr.

Ilkibaşda girdejisi o diýen öwerlikli bolmasa-da, wagtyň geçmegi bilen müşderileriniň sany barha artyp, ol häzirki döwürde aýda arassa 600 manat gazanýanlygyny aýdýar. Şol gazanjy bilen jeýhunly daýza öz üç çagaly maşgalasyny ekleýänligini gürrüň berýär.

“Meniň iki gyzym hem-de bir oglum bar. Uly gyzym 7-nji, kiçi gyzym 5-nji klasda okaýar” diýip, Güljemal daýza aýdýar. “Iň körpäm şu ýyl 1-nji klasa barmaly. Oňa täze egin-eşik, sumka, okuw esbaplaryny satyn almaly. Şonuň üçin tomsuň soňky aýynda hemişekiden köpräk işlemeli boljak”.

Ýaşy 40 töweregi bolan bu jeýhunly zenanyň güni gaty ir sagatlardan başlanýar. Irden tamdyryň başyna geçip, ol öýländen öň çöreklerini bişirip bolýar. Ol söwda gutaransoň, ertiriň aladasy bilen bazara aýlanýar, söwda-satygyny edip, agşam hamyryny yuwurman kellesini ýassyga goýmaýanlygyny aýdýar.

Aladasy bar

Güljemal daýzanyň aýtmagyna görä, bu onuň günüň-gününe gaýtalanýan iş tertibi. Emma muňa garamazdan, ol edýän işinden hem gazanjyndan razy, ýöne soňky döwürlerde unuň bahasynyň gymmatlamagy ony alada goýýar.

“50 kilogramlyk bir halta undan kiçi çörekden 170 sany, uly çörekden bolsa 100 çörek bişirip bolýar. Emma soňky döwürlerde un gymmatlady, şu günler 1 halta 50 kilogramlyk 1-nji hilli unuň bahasy 50 manada çykdy” diýip, Güljemal daýza aýdýar.

Ýeke başyna üç çagaly maşgalasyny eklemäge synanyşýan jeýhunly daýzanyň başyny diňe unuň gymmatlamagy däl, gaz edarasynyň we salgyt gullugynyň işgärleri hem agyrdýarlar. Onuň aýtmagyna görä, “gaz edarasynyň işgärleri, gazy ýakylmalysyndan artyk ýakypsyň diýip, bir zatlara gol goýdurýarlar, üstesine, her gezeginde 5-6 manat bermeli bolýar”

“Olar artyk näçe gaz ýakanymy nädip kesgitleýärler, bilemok, sebäbi ýakylan gazy kesgitleýän esbap ýok. Salgyt gullugynyň işgärleri-de gara zähmetim bilen gazanan çäklije gazanjyma-da göz dikýärler” diýip, Güljemal daýza aýdýar.

Emma, ähli kynçylyklara garamazdan, ol öz işiniň barşyndan, barha artyp barýan müşderileriniň sanyndan razy. Onuň aýtmagyna görä, “häzirki döwürde diňe öz obasyndan däl, töwerekde ýerleşýän obalardan gelýän müşderileriniň sanam barha artýar”.

Güljemal daýza uly gyzy okuwyny tamamlandan soň, häzirki işini has ulaldyp, onuň bilen çörekden başga-da dürli konditer önümlerini bişirip satmagy göz öňünde tutýanlygyny hem aýdýar.
XS
SM
MD
LG