Halk arasynda “Gazak obasy” diýilip tanalýan bu oba Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň ilat sany boýunça iň kiçi obalaryndan biri. Obanyň eklenç çeşmesi bolsa, ekerançylyk we maldarçylyk.
Emma soňky döwürlerde bu obanyň gapdalyna dökülýän hapa zerarly olaryň başy dertde. Gazak obasynyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, etrap merkezi bolan Nyýazow şäherçesinden getirilýän hapa-hupanyň möçberi barha artyp barýar. Howanyň maýlamagy bilen bolsa, obalylaryň bu baradaky aladasy hasam artýar.
“Zibilhana obadan bary-ýogy 100-150 metrlikde ýerleşýär we onuň göwrümi barha artrýar. Howa maýlanda, bu ýere dökülýän hapalar yslanýar. Bu hem dürli keselleriň döremegine getirýär” diýip, özüni Nazarbaý diýip tanadan oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Hapa dökýän – döwlet edarasy
Gazak obasynda 30-a golaý hojalyk ýaşaýar, ýek-tük türkmen maşgalasam bar diýäýmeseň, obanyň ýaşaýjylary etnik gazaklardan ybarat. Obanyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, hapa dökýän edaranyň döwlete degişli bolmagy olary hasam alada goýýar.
“Hapa dökýänler Garaşsyzlyk etrap kommunnal hojalygy edarasynyň işçileri. Gynandyrýan ýeri-de şol. Şeýle bolansoň, bu edilýän işden etrap ýolbaşçylary habarly bolmaly. Ýogsam, obanyň ýaşaýjylary ençeme gezek häkimlige, etrap sanepidemstansiýasyna şikaýat etdiler. Üýtgän zat bolmady” diýip, bu obanyň ýaşaýjysyNazarbaý aýdaýar.
Hapa-hupa bilen bagly mesele diňe bir Gazak obasyny-da alada goýmaýar. Garaşsyzlyk etrabynyň Garagum, gysgaça ady “Gum” diýlip tutulýan obanyň ýaşaýjylary hem şeýle kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz.
Ilat sany 60 hojalyk töweregi bolan Gum obasynyň özüni Serdar diýip tanadan ýaşaýjysy bu barada şeýle diýdi: “Biziň obamyzyň gapdalyndan uly zeýkeş kanaly akýar. Zeýkeş kanalynyň aňry ýüzi ullakan zibilhana öwrüldi. Zibilhana bilen obamyzyň aralygy bir kilometr hem ýok. Biz, ylaýta-da, kanalyň gyrasynda ýaşaýan täze hojalykalaryň ýaşaýjylary bolup birnäçe gezek etrap häkimligine ýüz tutduk. Emma netije bermedi” diýip, Gum obanyň ýaşaýjysy Serdar aýtdy.
“Dartgynly ýagdaýlar hem döredi”
Gum obanyň ýaşaýjysy Serdaryň aýtmagyna görä, hapa her gün öýlän sagat 3-den soň 6-a çenli dökülýär. Her gün diýen ýaly iki sany ýük maşyny üstüni hapadan doldyryp gelýär. “Oba 200-300 meterlikde hapa dökülýän halatlaram bolýar” diýip, Serdar gürrüň berdi.
Oba ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, olaryň bu meselede ýerli ýolbaşçylara eden arza-şikaýatlary hiç hili netije bermänsoň, hapa dökmäge gelýän adamlar bilen Gum obasynyň ýaşaýjylarynyň arasynda wagtal-wagtal dartgynly ýagdaýlar hem emele gelipdir.
Serdar bu barada şeýle diýdi: “Oba ýigitleri olara ençeme gezek käýediler. Olar muňa gulak gabartmansoňlar, obanyň ýaşaýjylary ýygnanyşyp, bir gezek olary ýençmäge-de synanyşdylar. Ýöne üýtgän zat bolmady, sebäbi bu mesele ýokardan çözülmese, olaryň çözýän zady ýok bolmaga çemeli” diýip, Gum obasynyň ýaşaýjysy Serdar aýdýar.
Bu zibilhanalaryň gerimi gün-günden artyp barýar. Her gün 3-4 maşyn hapanyň dökülmegi we onuň ýyllarboýy dowam etmegi obalylaryň ynjalygyny gaçyrýar. Olaryň arza- şikaýatlary kanagatlandyrylmansoň, gumlular öz çagalarynyň gelejegini alada edýändiklerini aýdýarlar.