Welaýatdaky guramadyr kärhanalaryň müňlerçe işçi-gullukçylarynyň pagta ýygymyna mejbury ýagdaýda çekilendigine garamazdan, 2011-nji ýylda Daşoguz welaýaty prezident G.Berdimuhamedowyň pagta taýýarlamak baradaky tabşyrygynyň hötdesinden gelip bilmändi.
Oba hojalyk ugrunda işleýän bilermenleriň pikiriçe, plan dolmazlygynyň sebäpleri sanardan köp. Emma bu şowsuzlygyň esasy sebäpleriniň biri adatdan daşary suw ýetmezçiligi bolupdyr.
Welaýat häkimliginiň oba hojalyk bölüminiň öz adyny aýtmazlygyny haýyş eden hünärmeniniň beren maglumatyna görä, 2011-nji ýylda umumy gowaça ekilen meýdanyň 40 prosentinde ekinler özüniň wegetasion döwründe, ýagny ösüş döwründe ýeke gezegem suw içmändir. Hut şol sebäpdenem, köp hojalyklarda gektardan ortaça 5-7 sentner aralygynda hasyl alnypdyr.
Hünärmeniň aýtmagyna görä, suwsuzlykdan hemme daýhanlar kösenipdir, aýratynam, welaýatyň Boldumsaz, Akdepe, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etraplaryň pagtaçy-kärendeçileri beýleki etraplaryň daýhanlaryna görä has erbet kösenipdriler.
Aýny zerur mahaly olar gowaçany hatda zeý akabalardaky şor suw bilenem suwaryp bilmändirler, çüňki umumy suw ýetmezçiliginde hojalygara zeý akabalarynyň aglabasynyň hanasy gurap galypdyr.
“Adam hakyndaky aladalar” çynmy?
Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdelerinde “hormatly prezidentiň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde Türkmenistanda, şol sanda Daşoguz welaýatynda-da adam hakyndaky aladanyň artýanlygy” öwran-öwran gaýtalanýar.
Emma iş ýüzünde welin, welaýatyň oba ýerlerinde ýaşaýan ilatyň aglaba bölegi ýörite gurlan suw geçirijileriniň üsti bilen akdyrylýan arassa suwuň hözirini-de görüp bilenok.
Suw geçirijiler Görogly, Nyýazow, Gurbansoltan eje adyndaky we käbir beýleki etraplaryň belli-belli obalarynda bar. Ýöne bar bolan suw geçirijileriň kadaly işleýänine seýrek duş gelinýär. Beýleki obalarda ýaşaýanlar-a arassa agyz suwunyň nähilidigini göz öňüne-de getirip bilenoklar.
“Welaýatagyzsuw” önümçilik birleşiginiň bir hünärmeniniň aýtmagyna görä, welaýatyň oba ilatynyň 85 prosent töweregi içimlik suw hökmünde akabalardaky we beýleki açyk çeşmelerdäki hapa suwlardan peýdalanmaga mejbur bolýar.
Şu wagta çenli özüni oňarýan gurplurak oba adamlary howlusynda ýa-da melleginde guýy gazdyrdyp, şol guýy suwundan peýdalanyp geldiler. Olaryň gazdyrdan guýularyndan goňşy-golamlary, beýleki oba ýaşaýjylary-da peýdalanyp geldiler.
Emma bu ýyl 4-7 metr çuňlukdaky guýular hem köp obalarda gurap galdy. Bu bolsa oba adamlary üçin hojalykdaky bar bolan mal garany suwa ýakmak, kirdir gap-gaç ýuwmak, çagalary suwa düsürmek ýaly gündeki çözülmeli meseleleri has-da kynlaşdyrdy.
Ýerli häkimiýetlerden hiç-hili kömek bolmansoň, her kim suw üpçünçilik bilen bagly meseläni özüçe çözmeli boldy.
Birleri 12-14 metr çuňlukda guýy gazdyrtsa, beýlekileri öz howlusynda şolar ýaly çuňluga uzaýan grant (skwažina) kakdyrtdy. Guýy gazmak we grant kakmak bilen meşgullanýan ýörite adamlar öz hyzmatlary üçin ozalky ýyllarda 100-120 manat alan bolsalar, bu ýyl olar uly suw gytçylygyndan peýdalanyp, öz hyzmatlary üçin 200 manada çenli nyrh kesdiler.
Statistika we reallyk
Eger ýurduň suw hojalyk ministrliginiň Daşoguz welaýatyndaky edaralary tarapyndan taýýarlanýan statistiki maglumatlaryna ser salsaň, onda ekin meýdanlarynyň suw üpçünçiligindäki umumy ýagday her kimi begendirmeli.
Kagyz ýüzünde hemme zat gülala-güllük, ekin meýdanlary hem zerur suw bilen endigan gandyrylýar, olar suw bilen talabalaýyk, kadaly we doly üpjün hem edilýär.
Kärendeçi daýhanlar hatda suwçy-miraplaryň özleri-de bu berilýän resmi statistiki maglumatlara ynanmaýarlar. Olar oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, suw üpjünçiliginde-de artdyryp ýazmalaryň, gözboýagçylygyň we aldawyň bardygyny aç-açan aýdýarlar.
Welaýatyň 45 ýaşly Bazar atly ýaşaýjysy bu artdyryp ýazmalaryň we gözboýagçylygyň dayhanlaryň elini işden sowadýandygyndan, pudaga öwezini dolup bolmajak zyýan getirýändiginden ýokardaky oturan ketdeleriň habarlydygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, gözboýagçylyk diňe ekin meýdanlaryny suwarmak meselesinde däl-de, eýsem ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek ýaly wajyp meselede-de ymykly kök urupdyr.
Bazar öz sözüne delil hökmünde Daşoguz şäherinde gurlup, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa berlen agyz suw zawodyny mysal getirdi.
Mundan bir ýyldan gowrak wagt ozal gurlup, ulanmaga tabşyryldy diýlen bu suw zawody henize çenlem doly işe başlanok. Agyz suw sawody Daşoguz şäheriniň gündogar çetinde ýerleşýär. Taslama boýunça ol zawod gije-gündiziň dowamynda 150 müň kub metr arassa agyz suwuny öndürmeli. Häzirki wagtda suw zawody şäher ilatyna birje gram hem suw berenok.
Daşoguzlular mundan 20 ýyl ozalkysy ýaly, sagatly režim boýunça çäklije berilýän suwdan peýdalanýarlar, ýagny gije-gündüziň dowamynda grantlardan suw bary-ýogy 3-4 sagat akdyrylýar.
“Zawod açylanda welaýatyň şol wagtky ketdeleri gözboýagçylyga ýüz urup, hormatly prezidentimizi aldadylar. Olar týýar bolmadyk zawoda beýleki ýerde arassalanan suwy ýörite suw maşynlary bilen getirdip, şol suwdan prezidente içirtdiler. Şeýdibem, suw zawodyny açdym etdiler” diýip, daşoguzly Bazar öz sözüniň üstuni ýetirdi.
Şatlyk Öwezow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.