Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kitap bolçulygynda mazmun gytçylygy


“Men köp ýyldan bäri kitap satýaryn. Kitaplarymyň köpüsini kakam Orsýetden getirýär. Türkmen dilindäki kitaplar, bolup bilse, dükanyň diňe 5%-ni düzýär”. Bu özüni Serdar diýip tanadan Türkmenabatdaky hususy kitap dükanlarynyň biriniň satyjysynyň aýdýan sözleri.

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabadyň, hatda paýtagt Aşgabadyň käbir kitap dükanlaryna aýlanyp gören adam üçin, Serdaryň gürrüň berýän zadynda o diýen täzelik ýok.

Garaşsyzlyk döwründe neşirýatlaryň ählisiniň hökümet eýeçiligine geçirilmegi, Türkmenistanda, umuman aýdylanda, diňe hökümet tarapyndan rugsat edilen kitaplaryň çap edilmegine mümkinçilik berdi. Ýerli kitap muşdaklaryndan biri bu ugurdan öz pikirini şeýle beýan edýär:

—Bu diýmek, soňky ýyllaryň dowamynda ýurtda türkmen dilinde çap edilen kitaplar ýa ýurduň ýolbaşçylarynyň öz kitaplary ýa-da döwlet we hökümet sýyasatyny mahabatlandyrýan beýleki ýazyjylaryň kitaplary.

Adynyň agzalmagyny islemedik ýerli ýaşaýjynyň pikirine görä, Serdaryň dükanynyň tekjelerinde goýlan kitaplaryň daşky keşbinden hem manysyna göz ýetirmek kyn däl. Türkmen dilindäki şol kitaplaryň uly bir bölegi Türkmenistanyň öňki we häzirki prezidentleri tarapyndan ýazylan, beýleki kitaplaryň aglaba köpüsi hem döwletiň syýasaty mahabatlandyrýan kitaplardan ybarat.

Serdaryň dükany diňe bir türkmen dilindäki kitaplaryň azlygy däl, eýse rus dilindäki kitaplaryň hem many-mazmun taýdan juda çäkliligi bilen okyjylaryň lapyny keç edýär. Bu ýagdaýa Türkmenabatdaky, özüni Nataliýa diýip tanadan beýleki bir kitapçynyň dükanynda hem duş gelmek mümkin.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Nataliýa bu ýagdaýyň Döwletiň syýasaty bilen ilteşiginiň bardygyny aýtdy:

—Garaşsyzlyk döwründe syýasy, dini mazmunly kitaplaryň import edilmegine rugsat edilmeýär, bizde dini kalendardan başga dini material ýok.

Dini we syýasy mazmunly kitaplaryň ýetmezçilik etmegi bilen birlikde, eger türkmen dilindäki kitaplara gaýdyp gelsek, bu ugurda, esasanam, kompýuter, öýleriň remonty, gyzlaryň arasynda saç bejermek, dürli pişmeleri, kökeleri, naharlary taýýarlamak ýaly temalarda ýazylan kitaplaryň hem ýok diýerlikdigini aýtsa bolar.

Ýerli mekdepleriň mugallymlaryndan biri Joragulynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, bu ýagdaý ýurtda kitapdan üzňe bir nesliň ýetişmegine sebäp bolýar:

—Bilşiňiz ýaly, garaşsyzlyk döwründe, mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda rus dili esasy sapak hökmünde ykrar edilmeýär, netijede ýaş nesil rus dilini o diýen bilip barmaýar. Bilseler-de, olaryň dil baýlygy juda çäkli, şonuň üçin sanlyja rus dilli kitaplardan hem olara peýda ýok. Türkmen dilindäki kitaplaryň ýurdumyzda çäkli bolmagy, täze nesliň nukdaýnazaryndan aýdylanda, betbagtçylykdan kiçi waka däl, bu hem kitaba bolan islegiň barha azalmagyna sebäp bolýar.

Mugallymyň aýdanlaryna Serdaryň kitap dükanyna gelýän adamlaryň sanynyň azlygy we köçelerde eline kitap alyp ýören adamlaryň göze ilmezligi hem belli bir derejede şaýatlyk edýär.

Umyt Jumaýew Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG