Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mäne Baba


Halk içinde Mäne baba ady bilen tanalýan Abu Sagyt Mähneýi 967-nji ýylyň 7-nji dekabrynda häzirki Altyn asyr etrabynyň Mäne obasynyň ýanyndaky Mähne şäherinide däri-derman ýasap satýan Abulhaýryň maşgalasynda dünýä inýär.

Uniwersitet mugallymyz, professor Nazar Gullaýewiň tassyklamagyna görä, Mane babanyň kakasy Abulhaýr Mahmyt Gaznawy patyşanyň ýakyn dostlarynyň biri bolupdyr. Abulhaýr Gaznawylar köşgüni däri-derman hem müşk-anbar bilen üpjün edip, bu hyzmaty üçin köşkden wezirler bilen deň aýlyk alypdyr. Mahmyt Gaznawy portret suratyny öz eli bilen Abulhaýra sowgat beripdir.

Abu Sagyt başlangyç bilimi dogduk mekany Mähne şäherinde alypdyr. Ol ýatkeş bolansoň, eýýäm 14-15 ýaşynda Gurhany ýatdan bilýän ekeni. Abu Sagyt on bäş ýaşlarynda her gün ýarygijeden soň, öýlerinden gaýdyp, ýanlaryndan daş bolmadyk guýa dikbaşak sallanyp, Gurhany 40 günde hatm etmegi (doly ýatdan aýtmagy) niýet edinipdir. Emma Abu Sagydyň ejesi oglunyň ýarygijeden soň, bir ýerik çykyp gidýänliginden bitakat bolup, ony kakasyna duýdurýar. Şondan soň Abulhaýr oglunyň nirä gidýändigini yzarlap, oglunyň guýa dikbaşak sallanyp Gurhan hatm edýändigine göz ýetiripdir.

Abulhaýr beýniňe ýaşlykda agram bermek geljegiňe zyýan bolar diýip, ogluny gaýdyp, Gurhan hatm etmäge goýbermändir. Şondan soň Abu Sagyt ýeldirgän ýaly bolup, öýünden çykyp, üç ýyldan ýedi ýyl aralykda Haweran düzlüginde (Mäne-Gäwers aralygy) meýdanda ýaşapdyr. Abulhaýr ogluna ylym bilen meşgullanmagyna päsgel bermejegini aýdansoň, Abu Sagyt öýüne dolanýar.

Abu Sagyt Merwde, Sarahsda Abdylla Hazary, Lukman Sarahsy ýaly uly pirlerden sapak alypdyr. Mäne baba iki gezek hyrka (ussatlygy ykrar edilip, has ylymly pirlerden ak pata alyp, ýörite niýetlenen eşik) geýipdir. Abu Sagyt birinji hyrkany Sarahsly pir Abulfazl Muhammet ibn Hasandan geýen bolsa, ol ikinji hyrkany nişapurly alym Abdyryhman Selimiden geýipdir. Professor Nazar Gullaýewiň bellemegine görä, Abu Sagyt üçünji hyrkany sopuçylyk taglymatyndan Amulyň (Çärjew) uly piri Abulapbas Gassabydan geýipdir.

W. Jukowskiý, A. Semýonow, M. Mämmedow, N. Gullaýew ýaly Mäne babanyň ömrüni hem döredijiligini öwrenen alymlaryň tassyklamagyna görä, onuň ylmyň dürli ugurlaryna degişli 300 golaý traktaty, 88 goşgusy, 726 rubagysy biziň günlerimize gelip ýetipdir. Seljuklar patyşalygynyň düýbüni tutan Togrul begdir, Çagryl bege döwlet döretmek üçin ak pata berenem Mäne babadyr.

Mäne baba rubagylarynda pespälligi, kanagatlylygy, alymlara-sowatly adamlara ylym-bilimi wagyz etmegi ündeýär:

Tekepbirlik etme, pes tutgun päli,
Ýeten ýokdur ondan mertebä häli,
Gözelleň zülpi deý bolgun päkize,
Her demde müň göwün awlaryň ýaly.


Ýa-da:

Ýat tutan-da bolsaň, müň kitaby sen,
Ne peýda nebsiňe buýrup bilmeseň,
Namaz üçin nä goýarsyň Ýere baş
Bilim berip, ajy doýrup bilmeseň.


Mäne baba şu dünýäde halal, dost-doganlykda ýaşamagy bagtyň gözbaşy hasaplapdyr:

Otlasalar nebit guýup synamdan,
Razy ýöne saplasalar günämden,
Gözüme guýsalar guýsunlar duzy,
Aýyrman dost-ýardan mähriban ýüzi.


Mäne babanyň hormaty Seljuklar köşgünde hem örän ýokary bolupdyr. Şonuň üçin Togrul begdir, Çagryl beg Mäne Babanyň özi dirikä, oňa häzirki Mäne baba kümmetini gurup beripdir. Mäne baba halk içinde uly pir, gudratly adam hökmünde tanalýar.

Mäne baba aradan çykanda, mazar daşynyň ýüzüne şu rubagysy ýazylypdyr diýlen maglumatam bar:

Heý, dünýede mundan gowy ne iş bar.
Dost-dosta sataşsa, ýara duşsa ýar.
Bolupdy gam-şatlyk, hoş söz uly iş
Bes şolardan il-gün bolsa minnetdar
.

(Goşgularyň terjimesi N. Gullaýewiňki)

Gündogarda Mäne babanyň sopuçylyk taglymaty ýörite öwrenilipdir. On sekizinji, on dokuzynjy asyrdan başlap, Mäne babanyň ömür-döredijiligine Günbatarly alymlaram uly gyzyklanma bildiripdirler.

Mäne baba Seljuk patyşalarynyň salyp beren kümmetinde jaýlanypdyr.

Ýaňy ýakynda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Mäne babanyň rubagylarynyň neşir ediljekdigi hakyndaky berlen habar il-ulusymyzy çäksiz begendirdi. Bu günki günem halkyň arasynda Mäne babanyň hormaty çäksiz uludyr. Şonuň üçin Mäne babanyň kümmetine zyýarata gelýänleriň yzy üzülenok.

Döwletmyrat Ýazgulyýew aşgabatly garaşsyz žurnalist, edebiýatçy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG