Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howpsuzlyk Geňeşi Eýran bilen ýadro gepleşiklerine dolanmakçy


Eýranyň Buşehr atom elektrik desgasyndaky reaktor
Eýranyň Buşehr atom elektrik desgasyndaky reaktor
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasy, şeýle hem Germaniýa ýadro programmasy hakda gepleşikleri täzeden dowam etdirmek barada Eýranyň eden teklibi bilen ylalaşdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton sişenbe güni Eýranyň ýadro gepleşiklerine ýolbaşçylyk edýän Saeed Jeliliden täze gepleşikler barada fewralda gowşan hata özüniň ylalaşykly jogap berendigini aýtdy. Aşton Eýran bilen gepleşik giçirýän topara wekilçilik edýär.

Tähran bilen alty güýçli döwlet - Birleşen Ştatlar, Orsýet, Hytaý, Fransiýa, Britaniýa we Germaniýanyň - arasyndaky bu gepleşikleriň haçan, nirede geçmelidigi barada entek gelnen ylalaşyk ýok.

Jeliliniň 14-nji fewralda iberen hatynda parahatçylykly atom energiýasy boýunça hukugy hormatlanan halatynda Eýranyň petige dirän bu gepleşiklere täzeden başlamaga taýyndygy aýdylýar.

Günbatar Eýranyň ýadro programmasynyň maksady atom ýaragyny öndürmek üçin diýip alada edýär. Tähran hem ýarag öndürmek barada edilýän hiç bir işiň ýokdugyny aýdýar.

Aşton bir beýanatda özüniň Eýran dowamly konstruktiw dialog prosesine girişip, edilýän öňegidişlikler bilen halkara jemgyýetçiliginiň ýadro programmasy barasyndaky aladasyny aradan aýrar diýip umyt edýändigini bildirdi.

Berlinde hem Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westewelle Eýranyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hödürlenýän bu pursatdan doly peýdalanmalydygyny nygtady.

Parçin desgasy

Günbatar Eýranyň harby toplumy Parçinde ýarag programmalarynyň bir böleginiň alnyp barylýandygyna ynanýar. Tähran sişenbe güni Halkara atom energiýasy gullugynyň barlagçylaryna Parçine baryp görmäge rugsat etmäge meýillidigini bildirdi.

Bu gullugyň ýaňy golaýda Eýranda bolan inspektorlaryna Parçine barmaga ýol berilmändi.

Eýranyň döwlet mediasy ýurduň Wenadaky Halkara atom enegiýasy gullugynyň ýanyndaky wekilçiliginiň bir beýannamasyna salgylanyp, Parçin toplumyna ýygy-ýygydan barmaga rugsat edip bolmanýandygyny, bu baza barmagyň "köp wagt alýandygyny" aýtdy.

Bu beýannamada "Ýöne atom häkimiýetleriniň geljekde bu ýere bir gezek barmagyny gurnap bolar" diýilýär.

Sişenbe günündäki wakalar Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky dartgynlylygyň barha artýan mahalyna gabat gelýär.

Ysraýyl Tähranyň ýadro desgalaryny dargatmak üçin oňa harby zarba urmagynyň mümkindigini aýdýar.

Ysraýylyň Birleşen Ştatlara sapar eden premýer-ministri Benýamin Netanýahu duşenbe güni prezident Barak Obama Ysraýylyň öz ykbalyny özüniň kesgitlemelidigini, öz aladasyny özi etmäge onuň hukuklydygyny aýtdy.

Obama bilen Netanýahu Ak Tamda ýapyk gapylaryň aňyrsynda gepleşik giçirdiler. Amerikan prezidentiniň aýtmagyna görä, bu gepleşikde esasy tema Eýranyň ýadro programmasy bolupdyr.
XS
SM
MD
LG