Birleşen Ştatlaryň Los Anjeles şäherinde geçýän kino festiwalynda Eýranyň bir çeper filmi we Pakistanyň bir dokumental filmi Oskar baýragyna mynasyp boldy.
Hususan-da, ýekşenbe güni agşamlyk geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynda eýranly kino režissýory Aşgar Farhadiniň “Aýrylyşmak” atly çeper filmi iň gowy daşary ýurt çeper filmi hökmünde Oskar baýragyny aldy.
Pakistanly kino režissýory Şarmin Çinoýyň “Ýüzüni halas etmek” atly dokumental filmi bolsa, gysga dokumental filmleriň arasynda iň gowy film hasaplanylyp, Oskar baýragyna mynasyp boldy. Bu dokumental filmde ýüzlerine aşgar sepilip, ejir çeken adamlaryň ykbaly hakda gürrüň berilýär.
Eýranyň filminiň Oskar baýragyna mynasyp bolmagy bilen baglanyşykly wakany duşenbe güni Eýranyň döwlet telewideniýesi “Eýranyň ganym duşmany Ysraýyldan üstün çykylmagy” hökmünde häsiýetlendirdi. Sebäbi, daşary ýurt filmleriniň hatarynda Eýranyň filmi bilen bir hatarda Ysraýylyň “Çykgyt” (“Footnote”) atly filmi-de dalaş edipdi.
Eýranyň studentler habar agentligi ISNA hem bu wakany “Eýranyň baýdagynyň Amerikanyň depesinde dikilmesi” hökmünde häsiýetlendiripdir.
Eýranyň kino režissýory Aşgar Farhadi özüne gowşurylan baýragy Eýranyň halkynyň adyndan kabul edip, häzirki wagt öz ýurduň töwereginde emele gelen dargtynly ýagdaýlar barada-da gürlemän durup bilmedi.
Ol “Şu pursat dünýäniň dürli künjeklerinde köp eýranlylar bize syn edip otyrlar. Men olaryň näderejede şatlanýandyklaryny göz öňüme getirýärin. Olar diňe bir bu möhüm baýrak ýa-da film ýa-da režissýor üçin şatlanmaýarlar. Eýsem, olar syýasatçylaryň arasynda uruşlar we agressiýalar bilen birek-birege haýbat atmaklygyň dowam edýän bir wagtynda, öz ýurtlarynyň, ýagny Eýranyň adynyň şu ýerde öz şöhratly medeniýeti bilen baglanyşykly tutulmagyna şatlanýarlar. Bu baý we gadymy medeniýet bolsa bireýýäm syýasatyň galyň tozanynyň astynda duwlanyp galdy” diýip, Los Anjelesde Oskar baýragyny alan pursaty nygtady.
Bu baýrak gowşurylyş agşamy doly metražly filmleriň arasynda Fransiýanyň “Artist” atly çeper filmi dürli kategoriýalar boýunça bäş sany Oskar baýragyna mynasyp boldy. Ol kategoriýalaryň hatarynda bolsa “iň gowy film”, “iň gowy režissýor” (režissýor Mişel Hazanawisius) we “iň gowy aktýor” (esasy roldaky aktýor Ýen Dujardin) diýen kategoriýalar hem bar.
“Iň gowy aktýor” diýen ada eýe bolmak ugrunda Ýen Dujardin bilen bäsleşenleriň hatarynda Golliwudyň belli aktýorlary Jorj Kluni we Brad Pitt ýaly aktýorlar-da boldy.
Fransiýanyň bu “Artist» filminiň iň bir esasy aýratynlygy bolsa, onuň sözsüz filmligidir. Şeýlelikde, bu 83 ýyl mundan ozal Birinji Jahan urşy ýyllarynyň pajygaly wakalaryna bagyşlanan “Ganatlar” atly sözsüz filmiň Oskar baýragyny alaly bäri ilkinji gezek sözsüz filmiň bu baýraga eýe bolmasy hökmünde alamatlandy.
Mundan daşary, belli amerikan kino režissýory Martin Skorsezeniň pariždäki başdan geçirmeler barada gürrüň berýän 3D formatyndaky “Hugo” atly filmi-de Oskaryň bäş sany baýragyna mynasyp boldy. Ýöne bu baýraklar bu filme diňe tehniki kategoriýalar boýunça berildi.
Şeýle hem, ýekşenbe güni geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynda Britaniýanyň ozalky premýer-ministri Margarat Tetçeriň ömrüni we işini suratlandyrýan “Demir ledi” atly täze filmiň baş gahrymany, Margarat Tetçeriň roluny oýnan Meril Striip iň gowy zenan roluny ýerine ýetiriji hökmünda Oskar baýragyny aldy.

Wideo: Eýranyň kino režissýory Aşgar Farhadi özüne gowşurylan baýragy Eýranyň halkynyň adyndan kabul edip, häzirki wagt öz ýurduň töwereginde emele gelen dargtynly ýagdaýlar barada-da gürlemän durup bilmedi.