Ýakynda bir etnik täjigiň Wladimir Putine bagyşlap, ýürekden aýdan aýdymy Orsýetde geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň bir aspektini häsiýetlendirýäne meňzeýär. Çaklamalara görä, Orsýetdäki täjik diasporasy hem Wladimir Putini goldaýanlaryň arasynda.
Karomat Şaripow Orsýetde etniki täjikleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny, ýagny olaryň polisiýa tarapyndan ezilmegini, milletçileriň edýän hüjümlerini juda gowy bilýär.
Karomat Şaripow düýbi Moskwada ýerleşýän guramanyň başlygy bolup, ol Orsýete Merkezi Aziýadan gelýän migrantlaryň gündelik durmuşlarynda duş gelýän kynçylyklaryny çözmäge hemaýat edýär.
Şaripow 1996-njy ýyldan bäri Orsýetde ýaşap, Putiniň gelmegi bilen ol ýerde Merkezi Aziýa migrantlarynyň durmuşynyň oňaýsyz tarapa üýtgemegine hem şaýat boldy. Ýöne, muňa garamazdan, Şaripow Putini berk goldaýar.
Özüniň kabinetinde, kürsüde oturyp, ol diwardaky Putiniň portretine barmagyny çommaldyp, muny şeýle düşündirýär: “Ol sözüň we hereketiň adamy. Serediň bärde şeýle ýazylgy dur-a. Men Putin hakda näme diýip pikir edýänmi? Ol sözüň we hereketiň adamy. Ine, şeýle”.
Şaripowyň Putini goldamagy geň bolup görünse-de, ýöne ekspertleriň sözlerine laýyklykda, Orsýetdäki täjik migrantlarynyň aglabasy Putiniň tarapyny tutýar. Şaripowyň sözlerine görä, Orsýetdäki täjik migrantlarynyň 90%-i Putini goldaýar.
Orýsetdäki täjikleriň syýasy garaýşlary boýunça ýörite barlaglaryň geçirilmändigi üçin, Şaripowyň bu tassyklamasyny-da hiç barlap bolmaýar. Ýöne Şaripowyň bu ýaňsylaýjy tassyklamasynyň hem jany ýok däl.
Şaripow 11-nji fewralda täjik diasporasynyň maslahatyny çagyryp, kimiň ors raýatlygy bolsa, 4-nji martda geçiriljek saýlawlarda Putine ses bermäge çagyrdy.
Synçylaryň pikiriçe, täjikleriň Putini goldamagynyň ençeme sebäbi bolmagy mümkin. Olaryň biri-de Putin edil Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleri ýaly özüni berk ýolbaşçy hökmünde görkezmegi başarypdyr.
Düýbi Moskwada ýerleşýän “Migrasiýa we Kanun” jemgyýetiniň başlygy, etnik täjik Göwher Juraýewanyň aýtmagyna görä, onuň özi hem Putini goldaýar. Juraýawanyň pikiriçe, täjikler Putini pragmatiki sebäplerden goldaýarlar.
Moswanyň gurluşyk meýdançalarynyň birinde bikanun işläp ýören, 33 ýaşly täjik Sirojiddin muny tassyklap şeýle diýýär: “Maňa işlemek üçin wiza gerek däl. Men bärde eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda, hatda iş rugsadyny alman, işläp ýörin. Meniň pikirimçe, Orsýetiň syýasy partiýalarynyň we liderleriniň arasynda Putin biz üçin iň eli açygy”.
Orsýetiň prezidentlik kürsüsine dalaş edýän beýleki kandidatlar hem Gennadiý Zýyuganow hem-de Wladimir Žirinowskiý ýurtdaky merkezi aziýalylaryň goldawyny gazanmak üçin özlerini gynap duranoklar. Milliarder Mihail Prohorow bolsa, täjik migrantlary üçin wiza düzgünini giriziljekdigini aýdýar.