Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Pakistanyň baş diplomaty bilen duşuşar


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani Khar Yslamabatda, 2011-nji ýylyň 21-nji oktýabry.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani Khar Yslamabatda, 2011-nji ýylyň 21-nji oktýabry.

Penşenbe güni Londonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani Kharyň duşuşmagyna garaşylýar.

Geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Ştatlaryň güýçleri owgan serhediniň golaýynda tötänlikden pakistanly 24 esgeri öldüreninden soň, iki ýurduň özara gatnaşyklaryna sowuklyk aralaşdy. Muňa jogap edip, Yslamabat NATO-nyň öz üstünden Owganystana barýan ýük ýollaryny bekledi. Geçen ýazda amerikanyň güýçleri Pakistanda Osama bin Ladeni öldürenden soň, Waşington Yslamabadyň ekstremizme garşy alyp barýan göreşini hem sorag astyna aldy.

Şu aýyň başynda NATO-nyň çeşmelerinden syzyp çykan gizlin maglumatlaryna görä, Pakistan Owganystandaky “Talyban” söweşijilerine halkara güýçlere garşy hüjümleri amala aşyrmaga hemaýat edipdir.

Pakistanyň Birleşen Ştatlardaky täze ilçisi, şeýle-de ýurduň ozalky informasiýa ministri bolan Şerry Rehman häzir iki ýurduň gatnaşyklaryny gowulandyrmak üçin gowy mümkinçiligiň bardygyny aýdýar:

—Meniň pikirimçe, häzir iki ýurduň özara gatnaşykarynyň has açyk, durnukly, uzak möhletli we sylaşykly esasda gurulmagynyň wagty ýetdi. Ýöne, her niçigem bolsa, muny biziň parlametnlerimiz çözse gowy bolardy.

Rehmanyň bellemegine görä, häzir iki tarapyň resmileriniň bu hakda has ygtybarly we berk beýanatlar bilen çykyş etmekleri zerur. Rehman bu barada ýakynda Birleşen Ştatlaryň Parahatçylyk institutynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Golaýda Amerikanyň bir kongressmeniniň Pakistanyň Bulujystan welaýaty boýunça hödürlän rezolýusiýasyndan soň iki ýurduň gatnaşyklary has-da dartgynlaşdy. Şol welaýatda onlarça ýyllaryň dowamynda buluç separatislteri hökümete garşy göreş alyp barýarlar.

Millet wekili Dana Rohrabaçher buluçlaryň “öz meýillerini erkin beýan etmäge we garaşsyz döwletleriniň bolmagyna hakynyň bardygyny” öňe sürdi.

Obamanyň administrasiýasy bu teklibi berk görnüşde ret edip, kongressmeniň öz hereketlerine kontrollyk etmeýändigini aýtdy. Ýöne Yslamabat munuň bilen çäklenmän, amerikan ilçisiniň orunbasaryny çagyryp, hödürlenen rezolýusiýanyň “BMG-niň düzgünnamasyna, halkara hukuk kadalaryna garşydygyny” ýörite nygtady.
XS
SM
MD
LG