16-njy fewralda BMG-niň Baş Assambleýasynda Siriýada 11 aý bäri dowam edýän protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagyny ýazgarýan rezolýusiýa boýunça ses berişligiň geçirilmegine garaşylýar.
Rezolýusiýada Başar al-Assadyň režimi berk ýazgarylýar, şeýle-de onuň häkimiýetden gitmegi boýunça Arap Ligasynyň hödürlän plany goldanylýar.
Mundan öň, 4-nji fewralda, Orsýet bilen Hytaý BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşeinde şuňa meňzeş mazmunly rezolýusiýa weto goýupdylar. Emma BMG-niň Baş Assambleýasynda seredilýän rezolýusiýalara weto goýmak düzgüni ýok, ýöne olaryň berjaý edilmegi-de hökmany däl.
Garaşylýan ses berişligiň öňünden adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” we “Human Rights Watch” guramalary Baş Assambleýa ýüzlenip, Siriýanyň hökümetinden “Adam hukuklarynyň ähli bozulmalaryny bes etmäge, şeýle-de amala aşyrylan jenaýatlar boýunça hasap soramaga” çagyryş etdiler.
Bu aralykda Wenada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow özüniň fransiýaly kärdeşi Alen Žüpe bilen duşuşar. Gepleşigiň dowamynda Fransiýanyň BMG-niň Hopwsuzluk Geňeşinde Siriýa boýunça hödürleýän rezolýusiýasynyň maslahat edilmegine garaşylýar. Lawrow şeýle çykyş etdi:
—Men entek rezolýusiýanyň mazmuny bilen tanşamok, şonuň üçin hem häzirlikçe bu boýunça hiç zat aýdyp biljek däl. Ýöne bärde bir aýdyň zat bar. Haçan-da bir döwlete daşary ýurtlularyň salynmagy ýaly meselä seredilende, muňa dahylly ähli taraplaryň garaýyşlary hem göz öňünde tutulmalydyr. Bu BMG-niň parahatçylygy goraýjy esgerleriniň bir ýurda girizilmegi boýunça esasy düzgündir. Muny inkär edip bolmaz. Belläp geçişim ýaly, men rezolýusiýanyň tekstini görmedim. Eger-de ol taýyn bolsa, men onuň bilen ertir tanşaryn.
Lawrow öz çykyşynda Assadyň 26-njy fewralda ýurtda täze Konstitusiýanyň taslamasy boýunça referendum yglan etmegine gowy baha berdi. Täze Konstitusiýa häkimiýet başyndaky “Baas” partiýasyndan özge syýasy partiýalara hem ýol açar.
Siriýanyň oppozisiýasy ýaly, Waşington hem Assadyň bu ädimine şübhe bilen garaýar.
Siriýadan gowuşýan maglumatlara görä, hökümet güýçleri oppozisiýanyň berkitme şäherleri bolan Homsy we Hamany gabawda saklamagy dowam etdirýärler.