Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Eho Moskwy” radiosynyň dolandyryjylar geňeşi dargadyldy


Orsýetiň iň liberal radiostansiýalarynyň biri hasaplanýan “Eho Moskwy”, ýagny “Moskwanyň ýaňy” radiosynyň dolandyryjylar geňeşi dargadyldy. Bu talap radionyň häzirki esasy dolandyryjysy bolan “Gazprom-Media” şirketi tarapyndan edildi.

Sişenbe güni “Interfaks” habar agentligi “Eho Moskwy” radiosynyň beýanatyny ýaýratdy. Onda edilen bu ädime gynanç bildirilýär, şeýle-de ýakyn wagtyň içinde dolandyryjylar geňeşiniň täze düzüminiň kesgitleniljekdigi aýdylýar.

Alekseý Wenediktow
Alekseý Wenediktow
“Eho Moskwy” stansiýasynyň baş redaktory Alekseý Wenediktowyň aýtmagyna görä, ol radionyň dolandyryjylar geňeşinden çykarylsa-da, bu onuň radiodaky redaktorlyk ygtyýarlyklaryna ýa-da radionyň alyp barýan syýasatyna täsirini ýetirmez.

Wenediktow özüniň “Twitter” internet sahypasynda ýerleşdiren kommentarisinde radiodaky üýtgeşmeleriň “Gazprom-Media” tarapyndan özüne “söýgüliler gününe” edilen sowgatdygyny ýaňsylap aýdýar.

“Eho Moswky” radiosyndaky üýteşemelerden bir aý ozal Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin çykyş edip, radiony, hususan-da Wenediktowy özüni “gije-gündiz” irmän tankytlamakda, şeýle-de daşary ýurtlaryň bähbitlerini aramakda aýyplady.

Putin bu çykyşyny Orsýetiň habar serişdeleri bilen geçiren metbugat-konferensiýasynyň dowamynda etdi. Ol şeýle diýdi:

—Haçan-da siz gije-gündiziň dowamynda meniň üstümden hapa guýanyňyzda men gaty göremog-a. Men bary-ýogy iki söz aýtdym, siz bolsa eýýäm gaty gören bolýaňyz.

“Eho Moswky” radiostansiýasynyň žurnalistleri radiodaky üýtgeşmeleri Putiniň eden tankydy bellikleri bilen baglanyşdyrýarlar. “Eho Moskwy” radiosynyň garaşsyz direktory, ykdysadyýetçi Ýewgeniý Ýasin Azatlyk Radiosyna şeýle gürüň berdi:

—Häzir ýurduň başyndakylar garaşsyz habar beriş serişdelerinden howatyr edýäne meňzeýärler. Olar döräp biljek kynçylyklaryň öňüni almak üçin şeýle çäreleri geçirýärler.

Radionyň dolandyryjylar geňeşiniň dargadylmagy bilen, ondan iki sany garaşsyz direktor, “Gazprom-Media” şirketiniň dört wekili we “Eho Moskwy” radiostansiýasynyň üç wekili çetleşdirildi.

“Gazprom-Media” Orsýetiň iň iri media holdingi bolup, ol “Eho Moskwy” radiostansiýasynyň aksiýalarynyň 66%-ni öz elinde saklaýar.
XS
SM
MD
LG