Türkmenistan 12-nji fewralda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda Gazagystan we Özbegistan bilen aradaky serhet geçelgelerini birtaraplaýyn suratda ýapdy.
Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ilýas Umarowyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Türkmenistan-Gazagystan serhedi şu aýyň 8-15 aralygynda wagtlaýynça ýapyk bolar.
Adaty ýagdaýda Gazagystanyň Mangystau oblastynda hemişelik ýaşaýan graždanlary Türkmenistanyň Balkan welaýatyna bäş güne çenli wizasyz gelip-gidip bilýärdiler.
Özbegistan-Türkmenistan serhet ýakasynda ýaşaýan hukuk goraýjy aktiwist Haýytbaý Ýakubowyň tassyklamagyna görä, türkmen-özbek serhedi hem Aşgabat tarapyndan birtaraplýayn görnüşde ýapylypdyr: “Serhet ýapyldy. Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlary sebäpli, serhedi ýapyp goýdular”.
Sebäp näme?
Eýse, saýlawlaryň öňüsyrasynda ýurduň öz serhetlerini ýapmagy adaty bir düzgünmi? Moskwadaky GDA institutynyň Merkezi Aziýa döwletleri bölüminiň ýolbaşçysy, taryh ylymlarynyň kandidaty Andreý Grozin bu sowala şeýle jogap berýär:
—Aslynda saýlawlaryň öňüsyrasynda bir ýurduň özüni doly izolirlemegi, dünýä praktikasynda onçakly bir adaty ýagdaý däl. Ýöne bular ýaly zatlara awtoritar diýilýän režimlerde has köp duşmak bolýar. Mysal üçin, Mýanmada. Elbetde, ol ýerde saýlawlar bilen bagly serhet ýapylmandy, ýöne her niçigem bolsa ýurduň syýasy durmuşyna täsiriň ýetmezligi üçin, serhet belli bir derejede böwetlenipdi. Bu babatda Özbegistan hem şeýle.
Merkezi Aziýa boýunça bilermen Groziniň öňe sürmegine görä, daşky ýa-da içerki käbir güýçleriň ýurduň syýasy durnuklylygyny bozmak üçin, saýlawlary mümkinçilik hökmünde ulanyp bilmek usulyna resmi Aşgabat gowy düşünýär. Şu sebäpli-de Türkmenistan öz serhedine berk gözegçilik girizen bolmagy mümkin:
—“Arap bahary” diýlip atlandyrylan wakalarda-da, ählisinde bolmasa-da köp ýurtlarda tolgunyşyklar saýlawlaryň fonunda döräpdi. Gyrgyzystanda hem şeýle ýagdaýlara şaýat bolduk. Ol ýerde iki häkimiýet çalşygy hem saýalwlaryň netijesinde döräpdi. Netijede Türkmenistanyň öz serhedini ätiýaçdan ýapan bolmagy mümkin.
Türkmenistan Gazagystan we Özbegistan bilen serhedini birtaraplaýyn görnüşde ýapan bolsa, häzir Owganystan bilen araçäkdäki türkmen-owgan “Serhetabat” geçelgesiniň açykdygy barada maglumatlar gowuşýar.