Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siriýanyň prezidentinden söze däl, herekete garaşýar


Başar al-Assad Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Damaskda, 7-nji fewral.
Başar al-Assad Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Damaskda, 7-nji fewral.
Birleşen Ştatlar Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ýurtda barýan zorluklary duruzmak barada sişenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa beren sözünde durjagyna şübheli garaýar. Döwlet departamentiniň sözçüsi Wiktoria Nuland: “Assad gazaply hereketleri soňlajak bolsa, 11 aý wagty bardy. Ýöne hökümet güýçleri tarapyndan bolýan zulum-sütem dowam edýär” diýdi:

—Assad zorluklaryň soňlanmagynyň tarapdary bolsa, onda ol bu gün näme etmelidigini bilýändir. Bu iş 11 aýlap äsgermezlik edildi. Ol Siriýanyň ähli şäherlerinde öz güýçleri tarapyndan bigünä adamlara edilýän hüjümleri durzup bilýär. Zorluk Homsda, Homada, Damaskyň töweregindäki etraplarda dowam edýär. Muny indi siziň köpiňiz habar berip bilýärsiňiz.

Assad Lawrowa özüniň Arap Ligasynyň oppozisiýa bilen gepleşige girişmäge, tussaglary boşatmaga, esgerleri protest merkezlerinden çekmäge çagyryp teklip eden öňki planyny goldajakdygyny aýdypdyr. Lawrow bu hakda şeýle diýýär:

—Biz Arap Ýurtlarynyň Ligasynyň 2-nji noýabrda teklip eden inisiatiwasyndaky pozisiýanyň esasynda krizisiň mümkingadar çalt soňlanmagyna ähli ýollar bilen kömek etmäge taýyndygymyzy tassykladyk. Bu agzalan inisiatiwada ýörite üpjün edilişi ýaly, Siriýanyň prezidenti, näme netijä getirse-de, zorlugy duruzmagy özüne borç edinýändigini hakda bizi ynandyrdy.

Ýöne Assad Arap Ligasynyň soňky plany barada oýlanmasa gerek. Bu planda Arap Ligasy ony geçişe taýýarlyk görülmegi üçin häkimiýeti bir wekile bermäge çagyrýar.

Walid al-Bunni Siriýanyň oppozision “Milli Geňeşiniň” agsasy. Ol Lawrowyň Damaska bir täze inisiatiwa getirmändigini aýdyp, Assadyň “reformalar diýýänini” ýeterlik däl diýip ret edýär.

Siriýanyň döwlet telekanaly täze konstitusiýanyň taslamasyny düzmek wezipesi tabşyrylan komitetiň öz işini tamamlandygyny habar berdi.

Ýiti tankyt edildi

Lawrow Orsýet bilen Hytaý Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa baradaky rezolýusiýasyna weto goýup, dünýäniň dürli döwletleri tarapyndan ýiti tankytlanmagyndan üç gün soň Damaska bardy.

Wetony ýiti ýazgaranlaryň biri Assadyň öňki goldawçysy Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan. Ol bu wetony “siwilizirlenen dünýä üçin bir şowsuzlyk” diýip atlandyrdy. Erdogan şeýle hem Assadyň siriýaly garşydaşlaryna kömek etmek üçin Türkiýäniň bir täze inisiatiwanyň üstünde işleýandigini aýtdy.

Lawrow Damaska baranda-da hökümet güýçleri Homsda alyp barýan hüjümlerini dowam etdirdiler. Bu hüjümlerde azyndan 19 adamyň ölendigi habar berildi.

Bu aralykda Fransiýa, Italiýa, Britaniýa, Belgiýa, Gollandiýa we Ispaniýa hem özleriniň Siriýadaky ilçilerini yzyna çagyrdylar. Bu işi edýändigini, Siriýanyň wekilini hem öz paýtagtlaryndan kowýandygyny “Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşi” hem habar berdi.

Bu işler, howpsuzlyk ýagdaýy barada alada bildirip, Birleşen Ştatlar öz Siriýadaky ilçihanasyny bütinleý ýapanyndan bir gün soň boldy.

Brýusselde diplomatlaryň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşigi hem Siriýanyň garşysyna täze sanksiýalaryň üstünde işleýär. Bu sanksiýalarda ilkinji nobatda nyşana alynýan ýurduň merkezi banky, şeýle hem gymmat baha metal söwdasy.
XS
SM
MD
LG