Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň ýaýradan maglumatlaryna görä, 2-nji fewralda aşgabatly graždan aktiwisti Natalýa Şabuntsyň Aşgabatdaky öýüniň bosagasynda kimdir biri tarapyndan soýlan goýnuň ganap duran kellesi goýlupdyr. Bu waka graždan aktiwisti Natalýa Şabuntsyň telefon arkaly Azatlyk Radiosyna interwýu beren gününiň ertesi bolupdyr.
1-nji fewralda Azatlyk Radiosy bilen geçiren şol söhbetdeşliginde Natalýa Şabunts Turkmenistanda boljak prezidentlik saýlawlary boýunça resmi kampaniýanyň gidişinde dalaşgärleriň hödürlenişini galp diýip atlandyryp, olaryň saýlaw programmalarynyň mazmunynyň propaganda ýugrulanlygyny belläpdi. Ol şeýle-de saýlawlara gözegçilik etmek üçin resmi hasaba alnan synçylaryň obýektiw baha berjegine şübhe bildiripdi.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Natalýa Şabuntsyň 31-nji ýanwarda-da adaty bolmadyk bir waka duçar bolanlygyny hem habar berýärler. Natalýa Şabunts gapysynyň öňünde ak reňkli ürgün jisimden çekilen haçyň şekilini görüpdir.
“Gorkuzmak üçin”
Ynsan hukuklaryny goraýjylar bu wakalaryň Natalýa Şabuntsy gorkuzmak üçin edilenligine şübhelenmeýärler.
“Türkmen inisiatiwasy” guramasy Natalýa Şabuntsyň duçar bolan soňky wakalary barada maglumat ýaýratdy. Ol maglumata görä, aktiwistiň çykyşlaryndan ýurduň abraýyna şikes ýeter gorkulary bolansoň, Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçleriniň onuň dymmagyny gazanmak isleýän bolmaklary mümkin.
“Turkmen insiatiwasy”: “Hut şu sebäpli olardan kimdir biri hatda öz kellesini hem gurban eden bolmaly” diýip, ýaňsylaýjy pikiri orta atýar.
Graždan aktiwisti Şabuntsyň telefonlarynyň kesilmegi we onuň yzarlanyşa sezewar edilmegi bilen bagly wakalar öňem ýüze çykypdy. Ol Türkmenistanda graždan azatlyklarynyň depelenmegi bilen bagly ýagdaýlar barada adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryna we garaşsyz habar serişdelerine 10 ýyldan gowrak wagt bäri maglumat berip gelýär.