Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, “Türkmen owazy”, “Owaz” tele-radio kanallary açylyp, ol ýaýlymlarda gije-gündiz aýdym-sazlar ýaňlanyp başlady. Elbetde, Nyýazow döwründe doly gadagançylyga uçran halk aýdym-sazlarynyň indi belli bir derejede bagtynyň açylandygynam aýtmak gerek.
Döwlet derejesinde opera sungatynyň ösmegine ak pata berilmegi bilen, hatda bu günki gün ýaşlaryň arasynda opera aýdymçylarynyň-da bardygyny bellemek has-da ýakymly.
Oňyn işler edildi, emma…
Türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmekde käbir oňyn işleriň edilendigine garamazdan, “Galkynyş” zamanasynyň aýdym-sazlarynyň halkyň döwrebap islegini kanagatlandyrmaýandygyny-da göni aýtsa bolar. Sebäbi, täze açylan tele-radio aýdym-saz ýaýlymlarynda ideologik aýdymlar efiriň ýarpysyna golaýyny tutýar.
Beýleki tarapdan, ýaşlaryň uly höwes bilen diňleýän häzirkizaman söýgi aýdymlary barada aýdylanda bolsa, bu kategoriýadaky aýdymlaryň aglabasynyň çeperçiligi, many-mazmuny örän gowşak, ol aýdymlaryň sazlarynyň-da uly böleginiň ogurlyk, daşary ýurt sazlarydygy hiç kim üçin gizlin zat däl.
Nusgawy şahyrlarymyzyň söýgi ýa-da ahlak temasyndaky goşgularynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň aýdylmagyna ýol açylanam bolsa, ussat şahyrlarymyzyň sosial-tankydy temadan döreden goşgularynyň sözlerine aýdymlary aýtmaga bagşylarymyz häzirem het edip bilenoklar.
Şeýle ýagdaý biziň klassyk şahyrlarymyzyň sözlerine döredilen käbir aýdymlara-da degişli boldy. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
Orramsydan bolan haramhor begler,
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady
– diýen setirler bilen başlanýan “Ýyka başlady” goşgusyna döredilen aýdymyň mazmunynyň häzirki döwruň ýiti syýasy we sosial ýagdaýlaryna kybap gelýändigi sebäpli, bagşylaryň uly bölegi bu aýdymy toýda-tomguda aýtmakdan hem saklanýarlar.
“Türkmenistan” teleýaýlymyndan beýleki tele-radio ýaýlymlaryň hem tas ýarpy wagtyny türkmen-aýdym sazlary tutýar. Şonuň üçin, tele-radio ýaýlymlaryň hemmesinde bir wagtda aýdym-sazlaryň berilýän wagtlary seýrek däl. Emma birnäçe telekanaldan bir wagtda berilýän şeýle aýdym-sazlaryň içindenem halkyň göwnüni awlap biläýjek aýdymlary tapmak kyn.
Ideologiýanyň täsiri
Ady gara sanawa düşmedik aýdymçylaryň özara söhbetdeşlikde tassyklamaklaryna görä, soňky döwürde täze aýdym döredip, telewideniýe we radio boýunça diňleýjilere öz aýdymyňy ýetirjek bolsaň, onda hökman ýany bilen bir syýasy aýdymy hem aýtmak düzgüne salnypdyr.
Şeýlelikde, bu gürrüňi edilýän aýdymlarda dabaraly sözler bilen, watany ýa-da döwlet baştutanyny mahabatlandyrmak adata öwrülipdir. Şonuň üçin:
Älem haýran ösüşimize,
Jennet Mekany watanym
ýa-da:
Ýaşa-ýaşa, uzak ýaşa, Arkadag,
Alkyş saňa, şöhrat saňa Arkadag...
– diýen ýaly çeperçilik taýdan örän gowşak, ýöntem öwgüden ybarat syýasy aýdymlar telewideniýede we radioda barha köp ýaňlanýar.
Ýurt baştutany hem aram-aram türkmen metbugatyndan, habar serişdelerinden nägileligini açyk aýdýar. Döwlet derejesinde habar serişdeleriniň işini kämilledirmek hakynda gürrüňler edilýär, täze-täze tele-radio kanallar açylýar.
Emma, muňa garamazdan, aýdym-saz sungatyny ösdürmek, wagyz etmek niýeti bilen döredilen “Owaz” we “Türkmen owazy” tele-radio ýaýlymlary welin, edil häzir-ä türkmen aýdym-sazlaryny döwrebap wagyz etmekden ejiz gelýärler.
Elbetde, metbugata erkinlik bermezden, aýdym-saz sungatymyzy dünýäniň gowy nusgalary bilen bäsleşerlik derejä ýetirmek, olary döwrebap ösdürmek, diňleýjileriň göwnünden turmak mümkin däl. Gynansagam, häzirlikçe halka türkmen aýdym-sazlarynyň hakyky professional nusgalary däl-de, köplenç, çeperçilikden daş, suwjuk, ýaramaz nusgalary hödürlenilýär.
Bu meselede halk köpçüligi, türkmen teletomaşaçylary we radiodiňleýjileri Türkmen telewideniýesiniň we radiosynyň öňünde öz talaplaryny açyk goýup bilmeýärler. Olar ýa-ha berilýän aýdymlary diňlemeli, ýa-da radio-telewideniýäni öçüräýmeli diýen posisyýa eýerýärler.
Eger türkmen telegörüjileri we radiodiňleýjileri, iň bärkisi, aýdym-saz ugrundan öz isleglerini açyk beýan edip bilsediler, onda telewideniýede we radioda aýdym-sazly programmalary taýýarlaýan adamlar öz üstlerine düşýän jogapkärçiligi, belki-de, duýardylar. Bu bolsa, öz gezeginde, türkmen aýdym-sazynyň hiliniň ýokarlanmagyna oňyn täsir ederdi.
Döwletmyrat Ýazgulyýew aşgabatly garaşsyz žurnalist. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.