“Arkalaşygyň kubogy” ugrundaky ýaryşyň düzgünine görä, öz toparlarynda üçünji orny eýelänleriň arasyndaky iň ýaramaz netije görkezen bir komandadan we öz toparynda dördünji orny eýelän komandalardan beýleki komandalar çärýek finala çykyp, ýaryşyň ýeňijisi bolmak ugrundaky bäsleşigi dowam etdirip bilýärler.
Toparlaýyn oýunlaryň netijelerine görä, Türkmenistanyň ýaşlar komandasy özleriniň “A” toparynda dört oçko alypdyr, salnan gollaryň arasyndaky tapawut bolsa “-1” bolupdyr, ýagny türkmen komandasy garşydaşlarynyň derwezesine iki topy salyp, üç topy hem öz derwezesine goýberipdir.
“C” toparda çykyş edýän Belarusyň komandasy hem, edil Türkmenistanyň komandasyna meňzeşlikde, öz toparynda üçünji ýeri alyp, dört oçko gazandy. Ýöne bu iki komandanyň arasyndaky top tapawudy Belarusyň komandasynyň haýryna “+1” boldy.
“B” toparda üçünji orny Latwiýanyň ýaşlar komandasy aldy. Latwiýanyň toparynyň toplan oçkosy edil türkmen komandasynyňka deň boldy. Ýöne, ahyrky netijede çärýek finala türkmen komandasy däl-de, Latwiýanyň komandasy çykdy.
Nämücin Latwiýanyň komandasy çykdy?
Bu ýagdaýy anyklakşdyrmagy haýyş edip, biz “Arkalaşygyň kubogy” ýaryşynyň resmilerine ýüz tutduk. Turniriň metbugat edarasynyň başlygy Aleksandr Iwanow bize şeýle gürrüň berdi: “Elbetde, türkmen futbolçylary “B” toparda üçünji ýeri alan Latwiýanyň komandysy bilen deňleşdi. Ýöne salnan pökgüleriň sany boýunça Latwiýanyň komandasynyň öňde durýandygy üçin, Türkmenistanyň komandasy üçünji ýeri alan toparlaryň arasynda iň ýaramaz netije görkezen komanda boldy. Netijede, türkmen komandasy toparlarda dördünji orny eýelän komandalar bilen birlikde 9-12-nji orunlar ugrunda ýaryşy dowam etdirer. Bu düzgünler ýaryş başlanmankda ylalaşyldy we hiç hili üýtgeşmelere sezewar bolmady. Ähli zat açyk bäsleşik esasynda dowam edýär”.
Aleksandr Iwanow bu mesele bilen gyzyklanyp,Türkmenistandan hem jaň edilendigini, netijede muňa ýörite düşündiriş berlip, ýaryşyň resmi saýtynda maglumatyň ýerleşdirilendigini aýtdy.
Her niçigem bolsa, türkmen futbolçylarynyň çärýek finala çykyp bilmändiklerine garamazdan, olaryň juda üstünlikli we erjel oýnandyklaryny janköýerler belleýärler. Häzir Ýewropada ýaşaýan Arslan atly türkmenistanly futbol janköýeri bu komandanyň oýny barada şeýle diýdi: “Türkmenistanyň ýaşlar komandasynyň ýaryşda şeýle netijeler bilen çykyş etmegi onuň üçin, gürrüňsiz, üstünlikdir. Türkmen komandasynyň geljekki oýunlarda has şowly çykyş etjekdigine ynanýaryn”.
Indi Türkmenistanyň ýaşlar topary 9-12-nji orunlar boýunça oýunlara gatnaşar. Bu bäsleşikde türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary Gyrgyzystanyň, Estoniýanyň we Täjigistanyň futbolçylary bolar. “Arkalaşygyň kubogy” ugrundaky ýaryşyň final oýny 29-njy ýanwarda oýnalar.