Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran – Günbatar dartgynlygynyň ýokarlanan ýyly


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad
Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad
Arap bahary, ýadro işleri, ýurduň içinde bolýan syrly ölümler, ýurduň daşynda adamlaryň janyna kast etmäge synanyşyldy diýilýän gürrüňler, öý tussaglygy, abanýan howa zarbasyndan gorky, ilçihana hüjüm – Eýranda 2011-nji ýyly howp-hatarly ýyla öwren şular.

Ýokary dini ýolbaşçy aýatolla Ali Hameneýiniň aýtmagyna görä, Eýran hem atylýan bu haýbatlara çetden garap oturmakçy däl:

—Biz haýbatlara haýbat bilen jogap bereris. Yslam Respublikasynyň garşysyna agressiýa bilen hereket ederis diýip pikir edýän adamlar gudratly Eýran milletiniň güýçli şarpyklaryna, demir ýumruklaryna taýýarlanybersinler.

Ýagdaýyň belli bir çene ýetendigini nazarda tutup, Waşingtonyň Ýakyn Gündogar syýasaty baradaky institutynyň ylmy-barlaglar boýunça direktory Patrik Klawson ýaly synçylar Eýran bilen Günbataryň arasynda eýýäm bir gizlin urşuň barýandygyny aýdýarlar. Klawson bu barada şeýle diýýär:

—Hüjümler bolýar, Eýranyň ýadro alymlarynyň janyna kast edilýär, internet urşy barýar. Meniň pikirimçe, Günbatary we Ysraýyly esasan hem gyzyklandyrýan zat sanksiýalar, sabotaž, eýranly alymlary öz taraplaryna geçmäge höweslendirmek, zerur bolan halatynda adamlaryň janyna kast etmek we internet hüjümi ýaly pes derejeli uruş bilen Eýranyň ýadro programmasyna päsgel berip, ony mümkin boldugyça gijikdirmek. Giň gerimli harby konfrontasiýa hiç kimiň bähbidine däl. Ýöne ak ýürekden aýtsak, harby konfrontasiýa eýýäm barýar.

"Arap bahary"

Ýanwar aýynda Eýranyň jedelli ýadro programmasy barada Stambulda geçirilen gepleşikleriň petige diremegi dartgynly ýylyň ilkinji şum alamaty bolup geldi. Tähran bu gepleşikleriň şowsuzlyga uçramagynda Günbatary günäkärledi.

Onsoň fewral aýynda Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada turan, "Arap bahary" diýip atlandyrylan protestler ýurda güýçli täsir etdi. 14-nji fewralda müňlerçe oppozision protestçiler, gadagandygyna garamazdan, Tunisde, Müsürde barýan gozgalaňlary goldap, Tähranda köpçülikleýin üýşmeleňleri geçirdiler. Olar: “Mubarek! Ben Ali! Indi gezek Saýed Alynyňky” diýip gygyryşdylar.

Režim çalt herekete geçip, oppozision ýolbaşçylar Mir Hossein Musawi bilen Mehdi Karrubini, oppozisiýanyň üýşmeleňlerine gatnaşmasyn diýip, öý tussaglygyna saldylar. Şol günüň ertesi (15-nji fewralda) konserwatiw kanun çykaryjylar bu ikisine ölüm jezasynyň berilmegini talap etdiler. Şondan soň Mir Hossein Musawi bilen Mehdi Karrubi barada eşidilen zat köp bolmady. Oppozision hereketden hem kän ses çykmady.

Şu ýylyň iýun aýynda Mahmud Ahmedinejadyň 2009-njy ýylda gaýtadan saýlanmagyna getiren saýlawlaryň iki ýyllygyny bellemek üçin protestçiler başga bir usuly ulandylar.

“Biz Wali Asr köçesinden ýöräp başladyk. Görsek, köçäniň iki gapdalynda adamdan ýasalan diwar ýaly ýörite güýçler ýerleşdirilipdir. Ýöne märeke olara ähmiýet bermän, şygar hem yglan etmän, geçip gitdi” diýip, bir şaýat aýdýar.

Oktýabr aýynda Birleşen Ştatlaryň Adalat ministrligi saud arabystanly bir diplomaty Amerikada öldürmek maksady bilen düzülen bir planyň üstüni açandygyny bildirende, halkara sahnasy ýene gyzyp ugrady. Eýran hökümetiniň görkezmesi boýunça iş alyp barýan iki adam günälendi. Tähran bu aýdylýanlary “gülkünç” diýip ret etse-de, Birleşen Milletler Guramasynyň bu işi ýazgarmagyny ýüzden agdyk döwlet goldady.

Prezident Obama bu wakany: “Bu howply ýagdaýyň diňe bir möwjemegi däl, bu Eýran hökümetiniň howply, paýhassyz edim-gylym ülňüsiniň bir bölegi" diýip häsiýetlendirdi.

Ýadro meselesi

Noýabr aýynda üns merkezine düşen zat ýene ýadro meselesi boldy. Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň başlygy Ýukia Amano Eýranda atom ýaraglaryny öndürmek boýunça işlenendigini görkezýän maglumatlaryň bardygyny aýtdy:

—Maglumatlar Eýranyň ýadro partlaýjy enjamyny özleşdirmek ugrunda iş alyp barandygyny görkezýär. Bu maglumatlar bu işleriň 2003-nji ýylyň aýagyndan öň hem programmalaýyn dowam edendigini görkezýär. Bu işleriň käbiriniň şu wagt hem alnyp barylýan bolmagy mümkin.

Netijede günbatar ýurtlary sanksiýalar arkaly Tährana görkezýän gysyşyny artdyryp, Eýranyň Merkezi bankyna, onuň nebit-gaz sektoryna garşy käbir çäreleri girizdiler.

29-njy noýabrda hökümetiň tarapyny çalýan protestçiler bu täze sanksiýalara öňbaşçylyk eden Britaniýanyň Tährandaky ilçihanasyna kürsäp girdiler. Olar: “Britaniýa ölüm! Üç terroristik döwlet: Amerika, Ysraýyla we Britaniýa ölüm” diýen şygary yglan etdiler.

Indi hem, aýdylyşy ýaly, haýbata haýbat bilen jogap berilýär.

12-nji dekabrda Eýranyň parlamentiniň agzasy Parwiz Soruori dünýädäki nebit gatnawynyň 40 prosentiniň geçýän ýeri bolan Ormuz bogazyny öz ýurdunyň basym ýapjakdygyny aýtdy. Ol: “Dünýä bu regiony howply ýere öwürjek bolsa, bizem dünýäni howply ýere öwreris” diýdi.
XS
SM
MD
LG