Häzir Türkmenistanda nobatdaky prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyk çäreleri geçirilýär. Eger öz goňşularymyza seretsek, meselem, Gyrgyzystanda prezidentlik saýlawlaryna dalaşgärler owaly bilen döwlet dilinden ekzamen tabşyrýarlar. Şol synagdan geçen adam prezidentlige dalaşgärleriň sanawyna girizilýär.
Şeýle uly syýasy çäreleriň öň ýanyda döwlet diline aýratyn ähmiýet berilýär. Bizde bolsa ençeme ýyldan bäri ol milli baýlygyň gadyry bilinmeýär, oňa ýeterlik üns berilmeýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet neşirýatlarynda hiç bir kämil sözlük çykarylmady. Döwlet dili baradaky komissiýa işlemedi. Muňa garamazdan, daşary ýurtlarda türkmen diline bolan gyzyklanma peselmän gelýär. Meselem, Moskwanyň Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň Aziýa we Afrika ýurtlary institutynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça kafedrasynyň ýolbaşçylygynda, belli türkilog Elwira Aleksandrowna Grunina türkmen dili barada okuw kitabyny ýazdy. Golaýda “Türkmen diliniň GDA ýurtlary üçin okuw kitaby” atli şol işiniň 2-nji bölümi çapdan çykdy. Onuň 1-nji kitaby 2010-njy ýylda neşir edilipdi.
Türkmen diliniň grammatikasy boýunça ýeterlik teoretiki maglumaty, türkmen dilindäki tekstleri hem türkmençe-rusça we rusça-türkmençe gysga sözlügi öz içine alýan bu neşir göz öňünde tutulan maksatlaryndan has giň ähmiýete eýe boldy. Ol owaly bilen milletler arasyndaky ilçi hökmünde häsiýetlendirildi.
Bu barada Moskwada neşir edilýän “Rossiýskaýa Týurkologiýa” žurnalynyň baş redaktory Dmitriý Mihaýlowiç Nosilow kitabyň tanyşdyrylyş çäresinde şeýle diýdi:
—Bu kitap türkmen diliniň örän täsirli türki dilleriň biridigini görkezmäge mümkinçilik berýär. Ol öz grammatiki hem sintaktiki kadalary bilen Arkalaşyga girýän ýurtlaryň giňişligine ýaýraýar. Bu okuw kitaby, şol sanda azerbaýjan, gürji, gazak dillerinden taýýarlanan okuw kitaplary ýaly, biziň bütewi ylmy giňişligimizdäki ilçiler bolup durýar. Öň Almaty, Bişkek, Aşgabat, Daşkent we beýleki şäherler türkologlaryň ylmy maslahat geçirýän merkezileri bolup durýardy. Indi olaryň bary ýumruldy, ýöne biziň döreden okuw kitaplarymyz, şol sanda türkmen dilinden okuw kitaby, meniň ynanjyma görä, milletler arasyndaky täze ilçi bolar. Ol Arkalaşyga girýän döwletlere gider. Ol gadymda bolan ylmy gatnaşyklaryň zerurdygy barada gürrüň eder. Ylmy meseleleri bilelikde maslahatlaşmagyň ugurlary, hatda hemmeler tarapyndan goldanan şol ylmy-medeni giňişlige bilelikde dolanmak barada aýdar.
Bu kitabyň ilkinji neşiri peýda bolansoň, Aziýa-Afrika ýurtlary institutynda türkmen diliniň öwredilip başlanandygyny aýtmalydyrys. Elwira Aleksandrowna täze neşirinde gönükmeleriň üstünde ýaňadan işläpdir, tekstleriň üsti doldurylypdyr. Okuw kitabynyň 2-nji bölegi ýörite hrestomatik häsiýetde düzülip, ol ýerde türkmeniň aýratynlyklary barada tekst bar, ol ýerde medeniýetiň aýratynlyklary, milli baýramçylyklary, milli naharlary, däp-dessurlary bar. Onda syýasy mazmunly tekstlerem ýerleşdirilipdir. Bu bolsa azat Türkmenistanyň, garaşsyz döwletiň häzirki döwürdäki durmuşyny görkezýär. Meniň pikirimçe, bu iki kitabyň şol yurt baradaky bilimiň ösmeginde aýratyn orny bolar. Hakykatdanam ýurdy kitaplaryň üsti bilen tanap bolar— diýip, Nosilow aýdýar.
Eýsem ene dilini öwrenmek, onuň gadyr gymmady hem zeruryýeti diňe dilçilere degişli däl. Munuň şeýledigini Moskwada ýaşaýan ildeşimiz, belli hirurg Eduard Aýtakow aýdýar. Ýatlap geçsek, Eduard Aýtakow häzirki Türkmenistan döwletini esaslandyranlardan biri Nedirbaý Aýtakowyň ogludyr.
Köp külpeti başdan geçiren Eduard aga ene diliniň adam ömründäki zerurlygy barada şeýle diýdi:
—Men özümi tanyşdyrsam, biz ekiz doganlar Zelili ikimiz Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň prezidiumynyň başlygy Nedirbaý Aýtakowyň ogullary. Biz alty ýaşymyzdan daýzamyzyň elinde terbiýelendik. Biz pasportymyza türkmen diýip ýazdyrdyk. Ýöne türkmençe bir sözem bilemzokdyk. Sebäbi bize ilki daýzamyz seretdi. Ejemiz 32 ýaşly wraç-terapewtdi, ony syýasy tussaglaryň lagerine saldylar. Biz türkmen görmedik, bary-da gözenekden aňyrdady. Ejemiň şol betbagt türkmenlere söýgüsi hem hormaty çäksiz ýokarydy. Biz bolsak, düzgün boýunça harby ýesirleriň çagalarydyk, nemesleri görmesek-de ýesirlikdedik.
Kakam türkmenler üçin köp iş etdi. Eger siz Türkmenistanyň serhedine seretseňiz, Özbegistan hem Gazagystan bilen şeýle kadaly geçirilen serhedi görmersiňiz. Kakam şol serhedi eşekde, düýede hem samolýotda aýlanyp geçipdir. Şeýdip, şol serhedi saýlapdyrlar. Diktator ölenden soň, ejem tussaglykdan geldi. Doganym ikimiz Daşkendiň Medisina institutyny tapawutlanan diplom bilen tamamlapdyk. Ol onkologiýada işlemegi diýseň halaýardy. 70-nji ýyllaryň ortalarynda ol moskwaly ýoldaşlary bilen Türkmenistana gidipdi. Tutuş Türkmenistany aýlanyp çykdylar. Ol ýerden ýeke manat alman, belki, şeýle döwür bolandyr, muňa derek özleriniň Türkmenistanda bolandygyna buýsandylar. Olar rak bilen kesellän onlarça türkmeni operasiýa edipdirler. Siz bilýäňizmi, Türkmenistanda esasy onkologiki kesel gyzyl ödekde döreýän rak. Millet nahary örän gyzgyn iýýär. Dogrymy aýtsam, men türkmen dilini öwrenmegi gaty höwes etdim. Doganym bilen köplenç öz üstümizden gülýärdik. Biz özümize türkmen diýip, türkmençäni-de bilmeýärdik. Ýöne bu biziň günämiz däl-de, betbagtlygymyzdy. Biz diňe ruslaryň arasynda ýaşadyk. Ruslaryň arasynda örän tertipli adamlar gaty köp. Biz mekdebi lagerde, tikenli simden aňyrda gutardyk. Doganym geçen ýyl ýogaldy. Siziň döreden okuw kitabyňyzy men hökman okaryn. Meniň ýaşym uly, ömrümden az galdy, ýöne men ony hökman okaryn—diýip, Stalin repressiýasynyň pidasy Nedirbaý Aýtakowyň ogly Eduard Aýtakow kitabyň tanyşydyrylyş çäresinde aýtdy.
Eduard aganyň sözlerinden çen tutsak, häzir ýurduň daşynda galan türkmenler diňe Orsýetde däl, dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýarlar. Şolaryňam türkmen dilini okap-öwrenmegine şert döredilse gowy bolardy.
Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.