Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysynyň tarapyndan gürleýär diýlip çaklanylýan bir konserwatiw gazet şübheli ýadro progammasy sebäpli Tähranyň garşysyna sanksiýa girizen ýurtlary jezalandyrmak üçin Pars Aýlagynda Ormuz bogazyny ýapmak pikirini goldaýar.
Eýranyň "Keýhan" gazeti özüniň 13-nji dekabr sanynyň baş makalasynda: "Biziň ýurdumyzyň nebitine garşy sanksiýa girizmek boýunça dildüwşük gurnalyp ýörkä, Yslam Respublikasy Eýran näme üçin özüniň jedelsiz hukukyndan peýdalanmaýar" diýen soragy berýär.
12-nji dekabrda bir eýranly kanun çykaryjy ýurduň harbylarynyň bu möhüm gämi ýoluny ýapmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy. ISNA habar gullugynyň bildirmegine görä, parlamentiň agzasy Parwiz Sorouri: "Dünýä bu regiony howply ýere öwürjek bolsa, biz-de dünýäni howply ýere öwüreris" diýipdir.
“Konfrontasiýa liniýasynda bolar”
Gollandiýanyň Harby patyşalyk akademiýasynyň professory Julian Lindleý-Frençiň pikiriçe Eýranyň niýeti belli: "Bu haýbat amala aşyrylyp, Ormuz bogazyna ýol berilmese, Eýran Günbatar we regiondaky güýçleriň köpüsi bilen göni konfrontasiýa liniýasynda bolar".
Munuň sebäbi hem, Oman we Birleşen Arap Emirliklerine-de degişli hem bolsa, esasan Eýranyň territoriýasynan geçýän bu bogazyň Pars Aýlagynda önýän nebitiň açyk deňze gowuşmagy üçin ýeke-täk ýol bolup durýanlygy.
Bir çaklama boýunça bu bogazdan her gün 15,5 million barrel nebit geçýär. Bu hem dünýäde sarp edilýän nebitiň 17 prosenti. Şol sebäpden bu gatnawyň kesilmegi dünýäniň ozal hem gowşak ykdysadyýetlerine agyr zarba bolup deger. Eýranyň tassyklanmadyk bu haýbaty baradaky habar netijesinde nebitiň bahasy eýýäm 3 dollar galyp, barrel başyna 100 dollardan geçdi.
Týodr Karasik Dubaýda ýerleşýän Ýakyn Gündogar we aýlagyň harby anlizi baradaky institutyň ylmy işgäri. Onuň pikiriçe, Eýran bu haýbatyny amala aşyrsa, onuň zyýanlary mundan has uly bolar: "Munuň berjek netijesi, aýratyn-da energiýa babatda, halkara gatnaw kesilip, tutuş dünýä ykdysadyýetleriniň gysyş astyna düşmegi bolar. Görersiňiz, nebitiň bahasy ýokarlanar. Onuň barrel başyna 250 dollara barmagy mümkin".
Eýran bu suw ýoluny baglamak pikirini ýadro programmasy sebäpli öz garşysyna Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Beýik Britaniýa ýaly döwletleriň sanksiýa girizmegi bilen aklap, deňiz hukukynyň bu işe ýol berýändigini aýdýar.
Kanuny esas barmy?
Birleşen Ştatlaryň Harby-deňiz urşy kollejiniň professory James Kraska bu barada BMG-niň 1982-nji ýyla degişli deňiz hukugy baradaky Konwensiýasyna salgylanýar: "Bu Konwensiýa boýunça halkara bogazlaryndan geçmek hemme ýurtlara kepillendirilen. Şol sebäpden Ormuz bogazyny baglamaga kanuny esas bolmaz. Bogazlardan geçmek uçar bilen howa tranzitini, suw üsti tranzitini, suwasty gämisi bilen suw asty tranzitini öz içine alýar. Kenarýaka döwletlerden rugsat almaly diýen talap ýok. Bu döwletlere tranzitiň öňüni alara kanuny esas ýok".
Eýran muňa garamazdan bu ýoly baglasa, ol onsoň Birleşen Ştatlar ýaly harby-deňiz güýji ýokary bir döwlet bilen güýç synanyşyp bilermi? Waşingtonyň Ýakyn Gündogar Syýasaty baradaky institutynyň işgäri Maýkl Eisenstadtyň pikiriçe Eýran Ormuz bogazyny baglasa-da, muny diňe bir hepdä golýa baglap biler: "Iň möhümi, eýranlylar Ormuz bogazyny baglamagyň gürrüňini köp wagt bäri etseler-de, bu işi diňe birnäçe günläp edip bilerler. Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz floty gatnaw erkinligini kepillendirmek üçin ara goşulsa, netije belli, iň soňunda Eýranyň harby-deňiz floty dargap, Ormuz bogazy ýene açylar".
Şol sebäpden atylýan bu haýbat gury haýbat bolup galsa gerek.