Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mubarekden soň, müsürliler ses berýärler


Kairiň merkezindäki saýlaw uçastoklaryndan birinde müsürli saýlawçylar ses bermek üçin nobata durlar. Kair, 28-nji noýabr 2011.
Kairiň merkezindäki saýlaw uçastoklaryndan birinde müsürli saýlawçylar ses bermek üçin nobata durlar. Kair, 28-nji noýabr 2011.

Şu gün Müsüriň raýatlary parlamentdäki orunlara dalaş edýän dalaşgärlere ses berýärler. Parlamentiň aşaky oýi boýunça geçýän bu ses berişlik öňki awtoritar prezident Hosni Mubarek häkimiýet başyndan gidenden soň Müsürdäki syýasy özgeriş üçin ilkinji uly synag hasaplanylýar.


Täze parlamentiň esasy wezipelerinden biri, käbir beýleki işler bilen birlikde, aňyrsy geljek iýun aýynda geçmeli prezidentlik saýlawlaryndan öň täze Baş kanunyň taslamasyny düzmek üçin bir komissiýany döretmek bolar.

Mubaregiň 30 ýyllyk hökümdärlygynyň soňuna çykan halk gozgalaňy turaly bäri geçen 9 aý döwrüň içinde müsürlileriň köpüsiniň rewolusion eýforiýasy indi Mubaregiň ornyny eýelän harbylara ynamsyzlyga öwrülene meňzeýär.

Adamlar özgerişlik isleýär

Öten hepde protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda turan çaknyşyklarda 40-dan gowrak adam öldi. Ýurda serenjamlyk edýän Harby Geňeş demokratik geçişi çaltlandyrmagyň deregine, häkimiýeti öz elinde jemlemäge synanyşýanlykda aýplanýar.

Harby Geňeşe ýolbaşçylyk edýän Feldmarşal Husein Tantawi bolsa täze parlamentde syýasy toparlaryň hemmesiniň wekilleri bolmaly diýýär: "Men ses bermäge hukukly beýik müsür halkyna ýüzlenmek isleýärin. Men olardan duşenbe güni baryp, ses bermegi haýyş edýärin. Sebäbi biz parlamentiň deňagramly bolmagyny isleýäris. Biz ähli toparlara wekilçilik edilmegini isýäris".

Mubaregiň döwründe saýlawlar birsyhly galplaşdyrylyp, parlamentde köplük orna eýe bolýan onuň "Milli Demokratik" partiýasydy. Ýöne Mubarek häkimiýetden çetleşdirleli bäri, ýurtda ençeme täze partiýalar peýda boldy.

Kairli saýlawçy Hurreýa Ibrahim al-Sawwaf bu günki ses berişlik bilen öňki ses berişlikleriň arasynda aýdyň tapawydyň bardygyny belledi: "Ak ýürekden aýdýaryn, bu saýlawlara adamlar köplük bolup gelýärler. Görşüňiz ýaly, olar ir ertir sagat ýediden bäri şu ýerde durlar. Ozallar ses bermäge gelýänler diňe saýlaw kagyzlary bar adamlardy. Olar esasan öňki režimiň öz adamlarydy. Saýlaw kagyzlary ýok adamlara içeri girmäge ýol berilmezdi".

Öňki saýlawlar bilen bu saýlawyň arasynda uly tapawudyň bardygyny kairli saýlawçylardan biri Magdi-de belledi. Ol: "Bu gezek men bu ýere geldim. Sebäbi berjek sesimiň bir ähmiýeti bar diýip pikir edýärin. Mundan ozal biziň sesimize asla ähmiýet berilmezdi. Indi adamlaryň öz watanyna bir işler edesleri gelýär. Şeýle edilende, sende onuň hakyky demokratiýa tarap ilerlemegi üçin bir iş etdim diýen duýgy galýar" diýdi.

Kimi goldajaklary belli däl

Müsüriň saýlawa hukukly 50 million ilatynyň ses berişlige beýle köpçülikleýin gatnaşmagy garaşylmadyk käbir zatlary-da ýüze çykarmagy mümkin diýlip pikir edilýär. Saýlawçylar, häzirki häkimiýetleriň isleýşi ýaly, durnuklylygy ileri tutýarmy ýa-da, ýaş protestçileriň talap edişi ýaly, düýpleýin özgerişi isleýärmi: muny saýlawlaryň netijesi görkezmeli.

Aleksandriýaly protestçi Haled Şara saýlawy tankytlasa-da, özüniň oňa gatnaşjakdygyny aýdýar: "Öňümizdäki saýlawlaryň rewolýusiýa ýa rewolýusiýaçy ýaşlaryň idealyna gulluk etmegi mümkin däl. Saýlawlar bir oýun. Ýöne ses bermek her bir adamyň hukugy. Sen bu saýlawa gidip, ses berýärsiň, sebäbi ses bermek seniň hukukyň. Öz sesiňi bereniňden soň, ynsabyň oňünde nägile bolup bilmersiň".

Aleksandriýaly ýene bir protestçi Ahmed Talaat ses berişlige baryp, harby kökümete protest hökmünde saýlaw kagyzynyň ýüzüne "ýok bolsun harby hökümet" diýip ýazjakdygyny aýdýar.

"Yslam Doganlygy" we beýleki yslamçy partiýalar öten hepdeden bäri harbylara garşy protest geçirýän demonstrasiýaçylardan özlerini çetde tutdular.

Şol sebäpden, indi saýlawçylar bu partiýalara ses bermekden saklanmak bilen, olary jezalandyrarmy ýa-da "Yslam Doganlygynyň" täze döredilen şahasy bolan "Erkinlik we Adalat" partiýasy beýleki partiýalardan üstün çykarmy – ol indi belli bolmaly.
XS
SM
MD
LG