Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kairdäki çaknyşyklarda azyndan 22 adam öldi


Müsürde ýurdy dolandyrýan harby häkimiýetleriň garşysyna gönderilen gazaply protestleriň çäginde Kairiň Tahrir meýdanynda ýüzlerçe protestçi howpsuzlyk güýçleri bilen garşyma-garşy dur.

Kairde protestçiler polisiýa bilen çaknyşýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:32 0:00


Ýaňy hepdäniň soňunda protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda turan çaknyşyklarda resmi maglumatlarda iň azyndan 20 adamyň ölüp, 1,750 töweregi adamyň hem ýaralanandygy aýdylýar.

Müsürde täzeden möwç alan protestler öten fewralda öňki prezident Hosni Mubarek häkimiýet başyndan kowlaly bäri reformalaryň haýal gidýänligi barada halkyň gaharynyň, şeýle hem ýurdy wagtlaýyn dolandyrýan harbylaryň häkimiýeti öz ellerinde saklamaga synanyşýandygy üçin ünji-aladanyň barha artýandygyny görkezýär.

Ýewropa Bileleşigi gandöküşikligi ýazgardy. Bileleşigiň baş diplomaty Katerin Aşton ýurduň häkimiýetlerini gazaply hereketleri soňlamaga çagyrdy.

Habarlarda aýdylyşyna görä, hepdäniň soňunda protestçileri dargatmak üçin esgerler we polisiýa işgärleri göz ýaşardyjy gaz, rezin ok we serdesse ulanypdyrlar.

Tahrir meýdanynda barýan demonstrasiýalarda 24 ýaşly diş lukmany Giza şäheriniň ýaşaýjysy Sabry Halede iki gezek rezin ok degipdir. Ol ýurduň harby hökümdarlaryndan adamlaryň halys irendigini aýdýar:

—Halk Ýaragly Güýçleriň Ýokary Geňeşinden (ÝGÝG) halys irdi. Adamlar ÝGÝG Mubarekden hem erbet diýýärler. Parahatçylykly protestlere gezek gelende, ol Mubaregiň režiminden tapawutly däl. Halk indi harby hökümetiň her bir zadyny ýigrenýär. Biz dowamly 'Eskat, eskat Hukm-ul-Asker' diýýäris. Bu 'ýok bolsun harby hökümet' diýmek.

23 ýaşly protestçi işewür Ahmad Aiýad Tährir meýdanyndaky märekä ýekşenbe güni goşulypdyr. Ol zorlugyň özüni ank-tank edendigini belleýär. Aiýad:

—Adamlaryň atylyp öldürilýändigi döwlet telewideniýesinde görkezilýär, ýöne adamlarda gymyldy ýok, pajygaly zat, ine, şu. Men häkimiýet başyndaky adamlar, hökümet ýa harby geňeş bu bolýan zatlary boýun alar öýdemok. Telewideniýede görnüp durka-da, olar 'biz hiç kimi öldüremzok' diýýärler. Bu janly görnüş, ony dünýäde hemmeler görüp bilýärmi, bilemok. Bize goldaw berlenok.

Harby hökümetler “güýç-gudraty öz elinde saklap, ony graždan hökümetine geçirmezlige synanyşýar” diýilýäni ret edýär.

Müsürde 28-nji noýabrda esasy parlament saýlawlary başlanýar. Tapgyrlaýyn geçýän bu saýlawlar mart aýynyň ortasyna çenli dowam eder.

Döwlet telewideniýesinde okalan bir beýannamada hökümet bidüzgünçilikleriň saýlawlary üýtgedip bilmejekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG