Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Ysraýyldan hemra almakdan el çekdi diýilýär


Fransiýanyň telekommunikasiýa boýunça “Thales International” kompaniýasy Türkmenistanyň prezidentine täze sputnigiň maketini gowşurdy. Emma käbir maglumatlara görä, Türkmenistan sputnige eýe bolmak ugrunda ilki başda Ysraýyl bilen hem gepleşik alyp barypdyr, emma soň mundan el çekipdir.

Düýbi Ysraýylda ýerleşýän “IzRus” internet neşiriniň 2-nji noýabrda çap eden maglumatynda türkmen resmileriniň uzak wagtlap Ysraýylyň iri şirketleriniň birinden bahasy 300 million dollarlyk emeli hemrany satyn almak barada gepleşik geçirenligi, emma taraplaryň şertnama baglaşmaga uly gyzyklanma bildirmegine garamazdan, bu gepleşikleriň şowsuzlyga uçranlygy aýdyldy.

Gepleşikleriň oňly netije bermänliginiň sebapleri we Ysraýylyň kompaniýasynyň ady bu maglumatda agzalmady, şol bir wagtda-da gepleşikleriň netijesizliginiň belli bir derejede türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň aýratynlyklaryna we bu gatnaşyklara Eýranyň ýetiren täsirine bagly bolan bolmagynyň mümkindigi çak edildi.

Gatnaşyklaryň aýratynlygy

1995-2002-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ysraýyldaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolan Nurmuhammet Hanamowyň sözlerine görä, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy aýratynlygy türkmen prezidentiniň Ysraýylyň “Merhaw” kompaniýasynyň başlygy Ýosef Maýman bilen şahsy gatnaşygyna bagly bolupdyr:

—Türkmenistan bilen Ysraýylyň aragatnaşygy Nyýazow döwründe-de o diýen uly derejedäki aragatnaşyk boldy diýmek kyn. Sebäbi şol aragatnaşyk Nyýazowyň Ysraýylyň diňe bir şirketi, ýagny “Merhaw” şirketi bilen hususy aragatnaşygy bolupdy. “Merhawyň” alyp baran işleri-de diňe araçylyk diýen ýaly, ýagny proýekti ýerine ýetiriji şirket bilen Türkmenistanyň arasynda durup, öz peýdasyny görmekden ybaratdy.

Öňki diplomat Hanamow türkmen ýolbaşçylarynyň “Merhaw” bilen yakyn gatnaşyklarynyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmegi bilen tamamlananlygyny belledi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarda-da käbir kesgitsizlik emele geldi. Hususan-da bu Ysraýylyň Türkmenistana ilçi bellemek meselesine degişli. Aşgabat 2009-njy ýylda Ysraýylyň Türkmenistana ilçi hökmünde hödürlän Reuwen Denniýeliň kandidaturasyny ret edipdi. Käbir maglumatlara görä, 2010-njy ýylda hödürlenen diplomat Haim Korenyň Türkmenistanda akkreditasiýasyna degişli mesele hem türkmen tarapyndan jogapsyz galdyrylýar.

Öňki türkmen diplomaty Hanamow ýurtlaryň arasyndaky diplomatik gowuşgynsyzlygyň taraplar Türkmenistanda Ysraýylyň diplomatik missiýasyny açmak boýunça ylalaşandan soň dörändigini aýdýar.

Eýran faktory

Bilermenleriň pikiriçe, Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine päsgel berýän esasy mesele Tähranyň Aşgabada ýetirýän täsirine bagly.

Düýbi Moskwadaky Ýakyn Gündogar Institutynyň müdiri Ýewgeniý Satanowskiý Ysraýylyň pozisiýasyny gowşatmagyň Eýranyň üns merkezindäki meseledigini belleýär:

—Eýran Ysraýylyň hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynda onuň täsirini gowşatmak meselesine uly üns berýär. Aýratynam bu Eýran bilen goňşy ýurtlara degişli. Muňa Ermenistan, Azebaýjan we Orsýet bilen bagly mysallar köp. Tähranyň bu syýasatyny Türkmenistan babatynda hem alyp barýanlygyny çak etmek mümkin. Käbir ýurtlar, meselem, Azerbaýjan Eýranyň täsirine berk garşy durýar. Emma Türkmenistanyň syýasy-ykdysady taýdan Eýran bilen giň gatnaşyk alyp barmagy Tähranyň täsiriniň uly bolmagyna getirýär.

Bilermen Satanowskiniň pikirine görä, Tähranyň ol ýa beýleki ýurda bolan täsiri şol ýurduň Ysraýyl bilen gatnaşyklara bolan gyzyklanmasyna we öz syýasy hem ykdysady bähbitlerini üçünji bir tarapdan goramak ukybyna bagly. Onuň pikiriçe, şu günki gün Ysraýyl bilen hyzmatdaşlyk esasan döwrüň täze tehnologiýalaryna, harby we goranmak taýdan ösen tehnologiýalara ýol açýar.
XS
SM
MD
LG