Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň Türkmenistana iberýän halysy köpelýär


Türkmen halylaryny ýurtdan çykarmagyň öňünde emeli kynçylyklaryň döredilendigi aýdylýar.
Türkmen halylaryny ýurtdan çykarmagyň öňünde emeli kynçylyklaryň döredilendigi aýdylýar.

2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkiýäniň Türkmenistana eden haly eksporty 3,5% ýokarlanyp, $4,9 milliona ýetdi diýip, “Biznes Türkmenistan” Türkiýäniň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp ýazýar.

2024-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Türkmenistana bahasy $225,085 bolan haly önümlerini eksport etdi, bu 2023-nji ýylyň noýabryndaky görkeziji bilen deňeşdirilende, halyçylykda meşhur bolan ýurda türk halylarynyň 14,2% köp getirilendigini görkezýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Türkiýäniň geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda daşary ýurtlara iberen haly önümleriniň umumy möçberi 5% ýokarlanyp, olaryň umumy bahasy $2,6 milliarda ýetdi.

XS
SM
MD
LG