“Ennahdanyň” saýlaw kampaniýasyna ýolbaşçylyk eden Abd Elhamid Jlozi 24-nji oktýabrda berlen sesler ýaňy sanalyp ugranda partiýanyň tarapdarlaryna ”Ennahdanyň” öňe saýlanyp barýandygyny aýtdy: “Tassyklanan ilkiji netijeler “Ennahdanyň” tutuş ýurtda we saýlaw merkezlerinde birinji orny gazanandygyny görkezýär”.
25-nji oktýabrda, sesleriň aglaba köplügi sanalansoň-da, “Ennahda” özüniň birinjilik ornuny saklamagy başardy. Şeýlelikde bir ýylyň içinde täze Konstitusiýanyň taslamasyny taýýarlamaly ýygnakda köp orna eýe boljak hut şu partiýa bolýar.
Ýöne “Ennahda” beýlekilerden öňde bolsa-da, 217 orunly ýygnaga kontrollyk etmäge ýeterlik ses alyp bilmedige meňzeýär. Bu ýygnagyň etmeli işleriniň ýene biri 2012-nji ýylyň aýagynda ýa-da 2013-nji ýylyň başlarynda, täze saýlaw geçýänçä, ýurdy dolandyrara täze aralyk prezidenti we hökümeti bellemek.
“Ennahdanyň” tarapdarlary Tunisiň köçelerinde ýurduň milli gimnini aýdyp şatlyk etdiler.
Tunisde saýlawlara gözegçilik edenleriň biri Perunyň öňki prezidenti Alejandro Toledo. Ol ses bermäge hukuklylaryň 90 prosentiniň gatnaşmagynda geçen saýlawlaryň erkin we adalatly geçendigine ynanýar.
“Saýlaw prosesi adaty ýagdaýda gaty joşgunly geçdi. Adamlar gaty tolgundylar. Mundan näme gelip çykjagyny gutarnykly netije görkezer. Ýöne eýýäm ýeňiş gazanan belli. Ýeňiş gazanan – demokratiýa” diýip, Toledo aýtdy.
Toledonyň pikiriçe, bu saýlaw ýeke Tunise däl, eýse tutuş dünýä hem gowy täsir eder, aýratyn-da şu wagt gozgalaňy başdan geçiren beýleki arap ýurtlary öňümizdäki aýlarda we ýyllarda saýlaw geçirjek bolup ýörkä: “Bu saýlawyň Liwiýa, Müsür, Siriýa we Ýemen ýaly ýurtlara köp täsiri bolar. Beýleki ýurtlara hem täsir etmegi mümkin. Size bir zady aýdaýyn, bu saýlawy ýola goýanlar, Saýlaw geňeşi adatdan daşary iş bitirdiler”.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Wiktoria Nuland hem Tunisde geçen saýlawy “arap dünýäsinde demokratiýa üçin bir ýol çelgisi” diýip, gutlady. Nuland: “Bu geçmişiň awtokratik diktaturasyndan arany açyp, raýatlaryň işlegine görkezilýän hormata esaslanýan hökümete tarap gönügen Tunis we Tunisiň halky üçin möhüm ýol çelgisidir” diýdi.
Şerigat we dünýewilik
Saýlawy gurnan komissiýanyň edarasynyň daşynda sişenbe güni 50 töweregi adam oturyp, protest geçirdiler. Olar “Ennahda” partiýasy tarapyndan bidüzgünçilikleriň bolandygyny aýdyp, bu barada barlag geçirilmegini talap etdiler. Proteste gatnaşan 28 ýaşly žurnalist Meriam Osmani yslmaçylar aýallaryň hukuklaryny aradan aýrarlar diýip gorky edilýändigini aýtdy.
“Ennahda” partiýasyna öňki režim tarapyndan ezýet, azar berlendigi sebäpli 22 ýyllap Britaniýada sürgünlikde ýaşan alym Raşid Gannuçi ýolbaşçylyk edýär. Ol öz partiýasynyň Tunisde şerigat kanunyny ornatmaga synanyşmajakdygyny, özüniň Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdoganyň aram yslamçylygyny görelde edinýändigini aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet dempartmentiniň sözçüsi Wiktoria Nuland Tunisiň täze Konstitusiýasynda şerigat faktory barada hem Waşingtonyň tutumyny mälim etdi. Ol bu hakda: “Bu adalganyň giň gerimli ulanylyşy bar. Dürli ýerlerde dürli kommentatorlaryň oňa düşünişi tapawutly. Biziň alada edýänimiz täze ýola düşüp ugran demokratiýalaryň Baş kanunynyň – tutuş dünýädäki demokratiýalaryň baş kanunynyň – adam hukuklarynyň halkara ölçeglerine laýyk gelmegi” diýip nygtady.
“Ennahda” şerigat kanunyny girizer diýip edilýän gorky o diýen ýerlikli däle meňzeýär. Sebäbi “Ennahdanyň” mümkin bolan koalision ýaran diýip ileri tutýan partiýalary – “Respublika üçin”, “Ýygnak we Ettakatol” – ikisi-de Tunisde intelligensiýa tarapyndan hormatlanýan dünýewi toparlar.