Kosowada NATO-nyň ýolbaşçylygynda parahatçylygy goraýan güýçler (KFOR) penşenbe güni Serbiýa bilen aradaky serhet geçelgesiniň golaýynda gurnalan barrikadalary sökmäge başlanlarynda, etnik serbleriň gahar-gazaby bilen ýüzbe-ýüz boldular.
Bir aýdan gowrak mundan ozal kosowaly serbler ýurduň ýolbaşçylarynyň esasan serbleriň oturýan welaýatlaryna kontrollygyny ýaýbaňlandyrmagynyň öňüni bökdemek üçin iki serhet geçelgesini, Brnjak bilen Jarinjä gidýän ýollary tutuşlaýyn bagladylar. Bu regionlarda ýaşaýan serbler Priştinanyň häkimiýetini, has dogrusy, ilatynyň aglaba köplügi albanlardan durýan Kosowanyň 2008-nji ýylda yglan eden garaşsyzlygyny ykrar etmeýärler. Olar Kosowa şindi-de Serbiýanyň bir welaýaty diýip garaýarlar.
Barrikadalary sökýärler
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Albana Isufi penşenbe günki operasiýany şeýle suratlandyrdy: “Kosowada parahatçylygy goraýan güýçler ýolda gurnalan birnäçe barrikadany aýyrdylar. Olar indi özleriniň Kosowanyň demirgazyk böleginde ýerleşýän esgerlerine päsgelçiliksiz gatnap bilýärler. 16-njy sentýabrdan bäri olara demirgazykdaky esgerlerine bu ýoldan gerekli zatlary ýetirmäge-de rugsat edilmeýärdi”.
Parahatçylygy goraýan güýçler penşenbe güni daňdan barrikadalary sökmäge baranlarynda, 150 töweregi protestçiniň garşylygy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ýygnanan märeke dargamakdan boýun gaçyransoň, parahatçylyk güýçleri göz ýaşardyjy gaz ulandylar. Olar bu operasiýada sekiz esgeriň ýeňil ýaralanandygyny aýdýarlar. Muňa garamazdan, KFOR-yň sözçüsiniň aýtmagyna görä, bu iş “üstünlikli” geçipdir.
Isufi Jarinjä gidýän ýolda ýagdaýyň asudadygyny bildirdi: “Jarinjä gidýän ýolda barrikadalar şindi-de dur. Ýöne parahatçylyk güýçleri indi ýoldaky barrikadalara çydamlylyk görkezmejekdiklerini aýdýarlar”.
Güýç ulanmazlyga çagyrylýar
Belgradda Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç NATO-ny güýç ulanmazlyga çagyrdy. Ol kosowaly serblere hem: “Zorluk ulanmaň, bu bulagaýlyga getirer” diýdi. Tadiç bu beýanaty NATO-nyň barrikadalaryň sökülmegi baradaky çagyryşyna kosowaly serbleriň ýolbaşylary garşy çykansoň berdi.
Kosowoly serb ýolbaşçylary barrikadalary aýyrman, diňe KFOR-a öz esgerlerine gerekli zatlary ýetirmäge ýol berjekdiklerini aýtdylar. Olar şeýle hem Belgrady bu ýere serb esgerlerini, polisiýa güýçlerini ibermäge çagyrdylar. KFOR hem “hereket erkinligi üçin özüniň gerekli çäreleri görjekdigini” bildirdi.
Priştina häkimiýetleri Serbiýa bilen söwda barada girizilen gadagançylygy ornatmak üçin iýul aýynda bu iki serhet geçelgesinde howpsuzlyk güýçlerini ýerleşdirdiler. Serbler hem muňa ýollary baglamak bilen jogap berdiler. Turan çaknyşyklarda bir polisiýa işgäri öldi.
Demirgazyk Kosowada 40 müň töweregi etnik serb ýaşaýar. Serbler birnäçe şäherde ilatyň aglaba köplügini emele getirýär.