Ozal tanymal habarçy hökmünde tanalan Aleksandr Zwerkow indi gününi 220 müň ilatly Rybensk şäherinde 18-nji nomerli trolleýbusda konduktorlyk edip dolandyrýar.
Ol özüniň žurnalistlik karýerasynda Çehowyň tragikomediýasynyň bir gahrymanynyň obazynyň bardygyny aýdýar: “Garyplygy, söýgini we urşy başdan geçirmedik bolsaň, sen doly manyly ýaşan dälsiň diýen bir ajaýyp söz bar. Men bularyň hemmesini gördüm. Meniň bir söýgim boldy, şäher häkimi bilen elhenç göreşi başdan geçirdim. Indi hem iki ýyl bäri garyplykda”.
Eldekileşdirilişiň hekaýaty…
Aleksandr Zwerkowyň habarçylyk karýerasynyň soňlanyş taryhy birçak joşgunly media bolan regional medianyň Orsýetiň 83 regionynda eldekileşdirilişiniň hekaýatydyr.
Geçen onýyllykda ýerli häkimiýeti tankytlaýan kiçeňräk tele we radiostansiýalara berlen gytaklaýyn duýduryş “ýa endigiňi goý ýa-da ýapylmaga kaýyl bol” diýen yşarat boldy.
Onsoň garaşsyz medianyň ýok ýerinde şäher häkimleri we ýerli ýolbaşçylar öz kontrollygyndaky regiony şahsy mülkleri ýaly görnüşde dolandyrýarlar. Tankydyň we garaşsyz medianyň azalmagy bolsa, olara bolan ynamyň gaçmagyna getirdi.
“WTSIOM” agentliginiň geçiren pikir soralyşygynyň görkezmegine görä, ruslaryň 33 prosenti bolýan wakalar barada döwlet mediasyna görä, öz dost-ýarlarynyň aýdýanlaryna ynanýandyklaryny aýdýarlar. Üç ýyl mundan ozal bu san 24 prosentdi.
Tankyt üçin ýanalma
Aleksandr Zwerkowyň başyna düşen uly kynçylyklar 2004-nji ýylda Rybinsk şäherine Ýewegeniý Sdwižkow häkimik edýärkä başlanypdyr. Ol şonda şäheriň käbir ýerlerinde zibil ýygnalyşynyň doly ýerine ýetirilmeýändigini aýdypdyr.
Zwerkow bu hakda şeýle ýatlaýar: “Men Sdwižkowa munuň tankyt däldigini, biziň käbir zatlara onuň ünsüni çekmek isländigimizi, munda bir şahsy zadyň ýokdugyny düşündirmäge synanyşdym. Men oňa meniň şahsy pikirimiň möhüm däldigini, sebäbi onuň şäher hakimidigini, meniň bolsa bu zatlara onuň ünsüni çekmäge borçly žurnalistdigimi aýtdym. Meniň oňa hüjüm etme niýetim ýokdy, ýöne ol başgaça düşündi”.
Iň soňunda hem Zwerkowyň işleýan telekanaly “Alfa studionyň” satylyp, onuň iş ornuny ýitirmegine hut şular ýaly tankydy materiallar sebäp bolupdyr.
Irina Guseýnowa Moskwada ýerleşýän “Ekstremal žurnalistika” merkeziniň analitigi. Ol Zwerkowyň we “Alfa Studionyň” başyna gelen zatlaryň Orsýetiň regionlarynda giňden ýaýran zatdygyny aýdýar: “Bu bir tipiki waka. Bularyň ählisi doly kontrollykdaky merkezi telekanallaryň eýelenmeginden başlanyp, ädimme-ädim dowam etdi. Üýtgän zat ýok. Regionlarda bolýan zatlar edil şuny görkezýär”.
Kontrollygyň ýollary
Köplenç režime dostlukly garaýan hususy medianyň sanynyň ýokarydygy sebäpli döwletiň jemgyýetçilik pikiri boýunça monopoliýasynyň näderejedediginiň hasabyny çykarmak kyn.
“Iş ýüzünde ähli telekanallar ýerli häkimiýetleriňki ýa häkimiýetlere ýakyn durýan adamlaryňky. Olar ‘kanaly satyn al’ diýlip tabşyrylan adamlar. Ýa-da ol kanallar prezidentiň ýakyn töweregine degişli adamlaryňky. Şeýlelikde, iş ýüzünde olar prezidentiňki” diýip, Guseýnowa belleýär.
Lewada barlaglar merkezi Orsýetde ilatyň 94 prosentiniň gündelik habarlarydyr täzelikleri döwlet telewideniýesinden, 41 prosentiniň hem radiodan alýandygyny aýdýar. Ilatyň 11 prosenti hem regional telekanallara seredýär.
Aleksandr Zwerkowyň öňki redaktory Ýulia Muratowa Orsýetde žurnalistikanyň indi ölüp barýandygyna ynanýar: “Žurnalistikada biziň gelen iň ýaramaz sepgidimiz – adamlarda ynamyň ýoklugy, hiç bir zada ynamyň galmandygy, ne häkimiýetlere, ne-de media. Bir gazeti okanymda, men ol ýa bu makala kim pul töledikä, oňa kim gatnaşdyka diýip, haýran galýaryn. Orsýetde şeýle pikir edýän adamlar köp”.