Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siriýa boýunça BMG-niň rezolýusiýasyna Orsýet bilen Hytaýyň weto goýmagyna “gaharly”


Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde, 4-nji oktýabr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde, 4-nji oktýabr.
Birleşen Ştatlar Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýanyň hökümete garşy protestçilere edýän zulum-sütemi sebäpli ony ýazgarýan bir rezolýusiýasyna Orsýet bilen Hytaýyň weto goýmagyna özüniň gaharlydygyny aýdýar.

4-nji oktýabrda geçen ses berişlikde bu rezolýusiýany Geňeşiň 15 agzasyndan 9-sy goldady. Hindistan, Günorta Afrika, Braziliýa we Liwan hem ses bermekden saklandylar. Ýöne taslamasy Britaniýanyň, Germaniýanyň we Portugaliýanyň hyzmatdaşlygy bilen Fransiýa tarapyndan düzülen bu rezolýusiýa Geňeşiň iki sany hemişelik agzasy Orsýet bilen Hytaýyň weto goýmagy zerarly başa barmady.

Ýewropalylar tarapyndan teklip edilen bu rezolýusiýa weto garşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolmazlygy üçin protestleriň basylyp ýatyrylmagy dowam eden ýagdaýynda Damaskyň garşysyna tutuşlygyna däl-de, diňe “nyşanalaýyn çäreler” göz öňünde tutulypdy.

Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs
Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs
Ses berişlikden soň Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs Waşingtonyň gaharyny şeýle beýan etdi:

—Bu Geňeşiň ahlak kynçylygy we regionyň asudalygyna hem howpsuzlygyna abanýan howp bilen iş salyşmagy başarmandygyna Birleşen Ştatlar gaharda. Howpsuzlyk Geňeşiniň birnäçe agzasy ençeme hepdeläp bigünä adamlaryň janyny Assadyň zulmundan gorajak her bir teksti gowşadyp, bozmaga synanyşdylar.

Ses berişlikden soň, Siriýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Başar Jaafari çykyp gepläninde Raýs bilen Britaniýanyň BMG-däki ilçisi Mark Lýall Grant protest hökmünde zaldan çykyp gitdiler.

Birleşen Milletler Guramasy protestçilere edilýän zulum mart aýynda başlany bäri ölenleriň sanyny 2,700-den agdyk diýip çaklaýar. Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümeti hem özüniň ýurtda reformalary geçirýändigini aýdyp, “bidüzgünçilikleri döredýän ýaragly garakçylar” diýýär.

“Konfrontasiýa filosofiýasy”

Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Witaliý Çurkin: “Siriýa häkimiýetlerine sanksiýalar bilen haýbat atylmagy kabul ederliksiz” diýdi. Çurkin bu hakda öz ýurdunyň pozisiýasyny şeýle mälim etdi:

—Ret edilen bu günki taslama bir bütinleý tapawutly filosofiýa bolan konfrontasiýa filosofiýasyna daýanýar. Biz Damaskyň garşysyna birtaraplaýyn aýyplama bildirme islegi bilen ylalaşyp bilemzok. Biz Siriýanyň hökümetiniň garşysyna sanksiýa ultimatumy bilen haýbat atmak kabul ederliksiz diýip, pikir edýäris. Bu çemeleşme krizisiň parahatçylykly ýollar bilen Siriýanyň milli dialogy esasynda çözülmegine prinsipde garşy gelýär.

This approach is against the principle of a peaceful settlement of a crisis on the basis of a full Syrian national dialogue

Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Li Baodong hem Pekiniň Siriýanyň içerki işlerine gatyşylmagyna garşydygny bildirdi. Li Baodong: “Sanksiýanyň ýa-da sanksiýa bilen haýbat atmagyň ýagdaýy çylşyrymlaşdyrmagy mümkin” diýdi.

Moskwa bilen Pekin parahat ilaty goramak üçin zorluk ulanylmagyna ygtyýar berlen bir rezolýusiýadan NATO Liwiýada Kaddafiniň režimini agdarmak üçin galp peýdalandy diýýärler.

Ýöne Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs muny “arzan mekirlik” diýip, ret etdi:

—Beýlekiler hem Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa baradaky berk hereketi harby interwensiýa üçin bir bahana bolar diýýärler. Şek-şübhe bolmasyn, bu harby interwensiýa barada däl. Bu Liwiýa barada däl. Bu Siriýa halkyny goldamagyň deregine Siriýa režimine ýarag satmak isleýänler tarapyndan edilýän arzan mekirlik.

Fransiýanyň BMG-däki ilçisi Gerard Araud: “Bu weto Siriýada ugrunda göreşilýän kanuny bähbitleriň ýigrenilýändigini görkezdi” diýdi:

—Biz al-Assadyň bu netijä demonstrantlaryň garşysyna alnyp barylýan zorlugy güýçlendirmek üçin ýoluň açyk diýildigi diýip düşünmezligini umyt edýäris. Bu weto ýoluň soňy däl. Biz şu ýerde bolarys. Zorluk täze etaba ýetdi diýip pikir eden mahalymyz hem Geňeşe gaýtadan dolanarys.

Bu weto Orsýet bilen Hytaý tarapyndan 2008-nji ýyldan bärde goýlan ikinji goşa wetodyr. Bu iki ýurt şol ýyl Zimbabwäniň garşysyna teklip edilen sanksiýalary hem bilelikde weto goýup ret edipdiler.
XS
SM
MD
LG