Ramzan Kadyrowyň 30 ýaşyna ýeten badyna Çeçenistanyň baştutany wezipesine geçen döwri ýadyňyzdamy?
Şol döwürden bäri Ramzan Kadyrow özüne ünsi çekmek üçin elinde baryny edip gelýär. Ol yzly-yzyna ippodromlary, ýagny aýlawlary açýar, million rubllyk arap bedewlerini satyn alýar. Indi bolsa ol öz doglan gününe kolumbiýaly meşhur pop aýdymçysy Şakirany we birnäçe günbatarly tanymal şahslary çagyrýar. Kadyrow 5-nji oktýbarda özüniň 35 ýaş toýuny belleýär.
Geçen hepde Çeçenistanyň hökümet wekilleri Şakiranyň we britaniýaly gyjakçy Wanessa Meýiň Çeçenistanyň paýtagty Groznynyň “Şäher güni” mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşjagyny yglan edipdiler. Groznyý şäheriniň güni bolsa Ramzan Kadyrowyň doglan gününe gabat gelýär. Emma Şakira Çeçenistandaky dabara gatnaşýanlygy baradaky habarlary ret etdi. Ol çeçen prezidetiniň öňünde çykyş etmekçi däldigini “Twitterde” ýazdy.
Emma gyjakçy Wanessa Meý, kinoaktýor Kewin Kosner, şeýle-de Hilari Swank we Ewa Mendes tarapyndan kommentariý bolmady, ümsümlik. Olaryň ählisi Çeçenistandaky dabaralara çagyryldylar. Wanessa Meýe onuň Grozna barmagy üçin 500,000 dollar tölenenligi ozal habar berlipdi.
Ýaş toýuny ýyldyzlar bilen bezemek
Düýäde tanymal meşhur şahslary öz doglan gününe çagyrmaklyk Orsýetiň we beýleki postsowet ýurtlarynyň baýlarynyň arasynda şu günki gün endige öwrülen ýörgünli bir adatdyr. Şu tomusda Jenifer Lopeziň ukrain oligarhy Azam Aslamowyň oglunyň toýunda çykyş edenligi üçin 1 million dollar alanlygy habar berlipdi.
Käbir maglumatlara görä, Kristina Aguilera orsýetli milliarder Andreý Melniçenkonyň durmuş toýunda fransuz dilinde üç sany aýdym aýdany üçin 3,6 million dollar gazanypdyr.
Emma pul töleýji tarapyň özüni alyp barşyndaky kemçilikler sebäpli olaryň dabaralaryna gatnaşmakdan ýüz öwürýän meşhur şahslar hem bar.
Britaniýaly aýdymçy we sazanda Sting ýakynda gazak nebitçileriniň protestlerine duýgudaşlyk bildirip, Gazagystanda çykyş etmekden ýüz öwürdi. Emma mundan öň Sting 2009-njy ýylda Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa üçin çykyş edip, 1,6 million dollar gazanypdy.
Şakiranyň ýüz öwürmeginiň sebäbi
Birnäçe ýyl mundan ozal orsýetli milliarder Suleýman Kerimowyň doglan güni mynasybetli geçirilen dabarada çykyş edip, 1 million dollar gazanan Şakiranyň häzir çeçen ýolbaşçysy Ramzan Kadyrowyň çakylygyny ret etmegine, onuň Stingiň Gazagystanda çykyş etmezligine meňzeş bir sebäbiniň bolmagy ähtimal. Ramzan Kadyrow Demirgazyk Kawkaz respublikasy bolan Çeçenistanda adam hukuklaryna garşy dowam edýän zulumlarda aýyplanýar.
Çeçenistanyň prezidenti dünýäniň tanymal şahslaryny ýurduna çagyrmaga howeslidigi bilen tapawutlanyp gelýär. Aýratyn-da bu meşhur futbolçylara degişli. Şu ýylyň başynda Groznyda geçen ýokary derejeli dostluk oýnunda Diýego Maradonanyň we Luis Figonyň hersiniň 1 million ýewro möçberinde pul gazananlygy habar berlipdi.
Garyp çagalaryň peýdasyna alyp barýan ynsanperwer işleri üçin BMG-niň sylaglaryna eýe bolan Şakiranyň rehimsiz diktatoryň çakylygyny kabul etmezlik kararyna gelendigini çaklasa bolar. Emma onuň bu hereketini Kadyrowyň görkezmesi bilen eden bolmagy-da ähtimal. Sebäbi Kadyrow Groznyý şäheriniň güni hökmünde uly dabara bilen bellenýän 5-nji oktýbar baýramçylygynda öz doglan gününiň agzalmagyny gadagan edýär.