Germaniýanyň parlamenti Bundestag Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň Ýewropanyň maliýe durnuklylygy barada ýeňillik diýip atlandyrylýan halas ediş fondy barada iýul aýynda gelen ylalaşygyny oňlady.
Bu plan boýnça 440 milliard ýewrolyk halas ediş fonduna hökümet obligasiýalaryny satyn almaga, kyn ýagdaýa düşen banklary halas etmäge, maliýe taýdan kynçylyk çekýän ýurtlara gijikidirmän pul karz bermäge ygtyýar berilýär.
Berlinde parlamentiň aşaky öýünde bu kanun taslamasyny oňlap ses berenleriň sany 523. Muňa garşy ses berenler 85. Ses bermekden saklanan kanunçykaryjylar 3.
Hem hökümet hem-de oppozisiýa tarapyndan goldalan bu planyň Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň öz koalisiýasyndan gerekli 311 sesi alajkdygy gümanady. Ses berişligiň netijelerinde bildirilişine görä, kansleriň öz lagerinden plany oňlap berlen sesler 315. Angela Merkel iýul aýynda bu plana razylyk beren liderleriň biridi. Indi, Bundestagda geçen ses berişlikden soň, Germaniýa bu plany oňlan 10-njy ýurt bolýar.
Germaniýanyň halas ediş fondy baradaky garantiýasyny artdyryp, 123 milliard ýewrodan 211 milliard ýewro ýetirýän bu kanuny Bundestagdaky 620 deputatyň 500 töweregi kabul eder diýip, ozal hem pikir ediýärdi. Ýöne Merkeliň öz lagerinden 20 çemesi deputat bu meselä garşy çykmak bilen onuň ýolbaşçylygynyň sorag astyna alynýandygyny görkezmek isleýändiklerini bildiripdiler.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso 28-nji sentýabrda “Bileleşigiň ýagdaýy” barada Ýewropa parlamentinde eden çykyşynda umumy pul bolan ýewrony çökmekden goramak üçin ýewro zonasynda ykdysady integrasiýanyň zerurdygyny nygtady.
“Biz töwekgelçiliklere global derejede täzeden baha berilmeginiň oňaýsyz netijeleri bilen ýüzbe-ýüz durus. Şol sebäpden täzeden ynam döredip, ýewro we öz bileleşigimize bil baglamak – biziň jogapkärçiligimiz. Biz bu umumy puly, integrirlenen ykdysadyýeti bäsleşige ukyply ýagdaýda, hemme taraplaýyn we resurslary aýap ýöretmek üçin gerekli kararlary çykarmak bilen muny görkezip bileris” diýip, Barroso aýtdy.
Ýewropa Bileleşiginiň halas ediş fonduny giňeltmek barada iýul aýynda gelnen ylalaşygy çarşenbe güni Finlýandiýanyň parlamentiniň oňlamagy hem güýçlendirdi. Bu ses berişlik gaty ähmiýetlidi. Sebäbi Gresiýa berjek kreditleri üçin Finlýandiýanyň kepilnama soramagy netijesinde bu barada öňegidişlik edip bilmez, bu hem halas ediş fonduna girizilen üýtgetmeleriň amala aşyrylmagynyň öňüni bökdär diýip, iňkis edilipdi.